Owganystan tümlükde: “Talyban” tutuş ýurt boýunça aragatnaşygy kesdi
Owganystanda “Talyban” hereketi ýurduň ähli künjeginde telearagatnaşygy öçürip, ýurduň dünýä bilen aragatnaşygyny tas doly kesdi.
Radikal yslamçy topar 29-njy sentýabrda ýurduň çäginde optiki süýümli Internet ulgamyny doly ýapdy. Şol ulgam bilen baglanyşykly bolan mobil aragatnaşyk torlary hem aglaba işini togtatdy.
Bu ädim ýurduň içinde haosa sebäp boldy. Uçuşlaryň yza süýşürilmegi, ilatyň bank hyzmatlaryndan, elektron söwda ulgamyndan, şeýle-de Internet arkaly alnyp barylýan işler we mekdepler bilen gatnaşygyndan kesilmegine getirdi.
NetBlocks Internet gözegçilik guramasy Owganystanyň 29-njy sentýabrda giçlik “Internet boýunça doly garaňkylykda” galandygyny aýtdy.
“Talyban” aragatnaşygyň näme sebäpden doly kesilendigi barada resmi düşündiriş bermedi. Ýöne bu ädim toparyň birnäçe welaýatda optiki süýümli Interneti böwetlemeginden birnäçe hepde soň amala aşyryldy.
Topar muny “ahlakslyzlygyň öňüni almak” bilen düşündirdi. “Talyban” öňem pornografiýa we Internetde erkekler bilen aýallaryň arasyndaky gatnaşyklara alada bildiripdi.
Emma tankytçylar “Talybanyň” bu kararynyň raýat azatlyklaryny we maglumatlaryň erkin akymyny has giňişleýin çäklendirmeginiň bir bölegi bolandygyny aýdýarlar.
2021-nji ýylda häkimiýet başyna gelen “Talyban” ilatyň esasy azatlyklaryny, esasanam aýallaryň hukuklaryny berk çäklendirdi we garşylyk görkezenleri güýç bilen basyp ýatyrdy.
Topar öz ekstremistiki syýasatlaryny “şerigat kanunlarynyň” öz düşündirişlerine salgylanyp aklamaga synanyşýar. Ýöne yslam alymlary Interneti ýapmak ýaly kararyň din taýdan hiç hili esasynyň ýokdugyny belleýärler.
Aragatnaşygyň doly kesilmegi adaty raýatlara, hususy telekeçilere we döwlet edaralaryna uly täsir ýetirdi.
Uçuşlary yzarlaýan Flightradar24 hyzmatynyň maglumatyna görä, 29-njy sentýabrda Kabul halkara howa menzilinden ugramaly ýa-da oňa gelmeli azyndan sekiz uçuş ýatyryldy.
Internet köp owgan zenanlary üçin hem ýaşaýyş çeşmesidi. 2022-nji ýylda “Talyban” aýal-gyzlaryň işlemek we bilim almak mümkinçiliklerini çäklendirenden soň, Internet olaryň daşary dünýä bilen ýeke-täk arabaglanyşygyna öwrülipdi.
Soňky wakalaryň fonunda ýurduň başdan geçirýän ykdysady krizisiniň has hem çuňlaşjakdygy çaklanylýar. Owganystanda garyplyk derejesi artýar, açlyk giňden ýaýran, işsizlik ýokary bolmagynda galýar.
Şol bir wagtyň özünde, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramalar Internetiň gadagan edilmegini maglumatlaryň erkin akymyny togtatmak synanyşygy hökmünde ýazgaryp çykyş etdiler.