Polşadaky türkmenleriň arasynda Germaniýada bosgunlyk, gaçybatalga almaga synanyşýanlar “köpelýär”
Polşada ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň arasynda soňky aýlarda Germaniýa geçip, Berlin, Frankfrut we Köln şäherlerinde bosgunlyk we gaçybatalga almaga synanyşýanlaryň sany göz-görtele köpeldi.
Migrantlaryň onlarçasynyň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, muňa olaryň biometriki pasportlarynyň möhletiniň tamamlanmagy we Polşada ýaşamak üçin zerur bolan resminamany almagyň kynlaşmagy sebäp bolýar.
“Diňe sentýabr aýynyň dowamynda azyndan 400-e golaý türkmenistanly pasportsyz kösenip, Germaniýa geldik. Hostelde ýatyrys, barymyz gaçak” diýip, Germaniýada gaçybatalga almaga synanyşýan we öz adyny Myhman diýip tanadan daşoguzly migrant gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan migrantlaryň tassyklamagyna görä, olaryň Germaniýada bosgunlyk, gaçybatalga almaga synanyşmagynyň esasy sebäbi Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki ilçihanalarynyň raýatlara biometriki pasportlaryny çalşyp ýa-da möhletini uzaldyp bermezligi bilen baglanyşykly.
"Gazanan pulumyzy parahorlaryň eline berip gaýtmaly"“Tas hemmämiziň pasportlarymyzyň möhleti gutardy ýa-da gutaryp barýar. Türkmenistana dolanmagyň bolsa manysy ýok. Sebäbi dolansak, ýurtdan çykarmaýarlar ýa-da ýurtdan çykmak üçin köplenç para bermeli. Biz bu ýerde gazanan pulumyzy parahorlaryň eline berip gaýtmaly bolýarys. Beýleki döwletleriň ilçihanalary ýaly, biziň ilçhanalarymyzda daşary ýurtlarda pasporty çalşyp berýän bolsa, kösenmezdik. Problemalar sebäpli bosgunlyk, gaçybatalga soraýarys” diýip, Myhman sözüne goşdy.
Türkmen raýatlarynyň daşary döwletlere gitmegi we ýurda dolanyp gelmegi üçin zerur bolan biometriki pasportlary diňe Türkmenistanyň içinde alyp bolýar. Türkmen häkimiýetleri 2016-njy ýyldan bäri bu pasportlary 5 ýyl möhlet bilen berýär.
Dünýäniň köp sanly ýurdundan tapawutlylykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda türkmen raýatlaryna biometriki pasport berilmeýär. Pasportlaryny täzelemek üçin Türkmenistana baran türkmenler ýurtdan çykmakda kynçylyk çekýändiklerini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
Söhbetdeşlerimiz Ýewropa döwletleriniň çäginde iň uly türkmen diasporalaryndan biriniň Polşada ýerleşýändigini we bu ýurtda müňlerçe türkmenistanlynyň ýaşaýandygyny aýdýarlar.
Ýöne olar 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Polşada geçirilen prezident saýlawlarynda Karol Nawroskiniň ýeňiş gazanmagy we onuň 6-njy awgustda öz wezipesine girişmegi bilen, türkmen migrantlarynyň Polşada galmak mümkinçilikleriniň kynlaşýandygyny aýdýarlar.
"Arzalara “ret” jogabyň gelmegi köpeldi"“1-nji iýundan soň Türkmenistandan gelen ildeşlerimiziň Karta pobyt [oturym karty] almak üçin ýüzlenýän arzalaryna “ret” jogabyň gelmegi bilen bagly wakalaryň sany köpeldi. Öňden bäri Polşanyň çäginde ýaşaýan türkmenler hem öz gezeginde, täzeden karta pobyt almaklykda kynçylyk çekýärler. Sebäbi olara hem “ret” jogabyň gelmegi köpeldi. Şol sebäpli alternatiw ýollary gözlemäge mejbur bolýarys” diýip, Germaniýada gaçybatalga almaga synanyşýan balkanly Azat [ady üýtgedilen] Polşada gaçybatalga almagyň kyndygyny hem sözüne goşdy.
Türkmen migrantlary Germaniýada bosgunlyk ýa-da gaçybatalga soramaklarynyň sebäbini bu ýurtda işlemek we ýaşamak üçin şertleriň, mümkinçilikleriň ýokary bolmagy bilen düşündirýärler.
“Biziň köpümiz, ussa, elektrik, demir kebşirleýjisi, biziň elimizde pasportymyz bolsa, oturym kartlaryny almaklykda problema bolmazdy, sebäbi biziň ýaly hünärmenler gerek” diýip, Azat belledi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, soňky ýyllarda zähmet migrasiýasyna çykýan türkmenistanlylaryň arasynda Russiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden soň, Polşa we Germaniýa hem meşhurlyk gazanýar.
Polşadaky türkmen migrantlarynyň onlarçasynyň tassyklamagyna görä, ilki bu ýurda gelip, soňra Germaniýa geçýän türkmenleriň sany hem göz-görtele köpelýär.
12-nji sentýabrda Balkan welaýatyndaky habarçymyz hem, raýatlaryň arasynda sebitiň nemes dilini öwredýän mekdeplerine bolan talabyň ep-esli ýokarlanandygyny synlasa bolýandygyny aýdypdy. Şonda ol munuň sebäbini balkanly lukmanlaryň we mugallymlaryň arasynda Germaniýa gitmek isleýänleriň köpdügi bilen düşündiripdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara gitmegi, olaryň biometriki pasportlary täzelemekdäki kynçylyklary barada aç-açan mesele gozgamaýarlar. Bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugatynda hem hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.