Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2025
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27
28
29 30

Ahalda lukmanlara 'it ýardy' diýip gelýän köpelýär - Çeşmeler

0

Ahal welaýatyndaky çeşmeler guduzlaýan we adamlara topulýan aç itler baradaky howsalaly habarlaryň il içinde barha kän ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, lukmanlara it ýardy diýip ýüz tutýan adamlaryň barha köpelýändigini habar berýärler, emma bu ýagdaý barada saglyk edaralarynyň hünärmenleri, resmiler bilen açyk gürleşip, maglumat alyp bolmaýar.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen lukmanlaryň birnäçesi “it ýardy” diýip gelýän adamlaryň köpelendigini tassyk etdi, ýöne olar anyk sanlary aýtmakdan saklandylar.

Ýaşaýjylar soňky ýyllarda ýabany itleriň öňki ýyllardakysyna garanda has köpelendigini, olaryň esasan zibil dökülýän ýerleriň töwereginde ýaşaýandygyny, ene-atalaryň köpüsiniň çagasyny zibil dökmäge ibermekden gorkýandygyny aýdýarlar.

"Aç itler biri-birlerini iýýär"Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aç itleriň käte, başga zat tapmasalar, biri-birlerini hem iýýändiklerini gürrüň berdi.

“Käte iýmäge zat tapmasalar, itler biri-birlerini iýýärler. Men bir zibil dökülen ýerden geçip barýarkam, uly itiň kiçi iti öldürip, iýip duranyny gördüm. Ýanyna baryp, ýaňky uly iti kowjak boldum welin, ol meniň üstüme topulyp, üç-dört ýerimden dişledi. Men uly adam, her niçik-de bolsa özümi gorap bildim. Eger-de aç itler şeýdip mekdep okuwçysyna, çagalara topulsa nähili bolar?” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ite ýardyran ýaşaýjy hassahana baryp, lukmana ýüz tutanda, oňa göbeginiň golaýyndan 40 sanjym almalydygyny aýdypdyrlar.

Şeýle-de, ol ertesi geçip barýarka özüni ýaran itiň ölüp ýatanyny görendigini gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň birnäçesi guduzlan itlerden alada edip, saglyk işgärlerine, sanitariýa gullugynyň wekillerine ýüz tutdular diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy. Emma olara bu hili itleri bejermek ýa zyýansyzlandyrmak üçin derman serişdeleriniň ýokdugyny aýdypdyrlar.

“...öňler, guduzlan itler ýok mahaly inçekesel hassahanasyndan derman alyp, kolbasanyň içine salyp, baýramçylyklardan öň eýesiz it-pişikleri rehimsizlik bilen gyrýardylar, häzir iki sany guduzlan iti öldürmäge hem derman tapdyrmaýar. Eger-de ýolbaşçylaryň çagalaryna şeýle howp abansa, derrew dermanam tapardylar, çäresinem görerdiler” diýip, bejergi alýan ýaşaýjy ýönekeý adamlaryň guduzlan itlere garşy özbaşdak göreşmeli bolýandygyny hem sözüne goşdy.

Albaý kulty beýleki itlere 'kömek etmeýär'Türkmenistan eýesiz itleri we pişikleri köpçülikleýin ýagdaýda, rehimsizlik bilen öldürmekde tankyt edilýär. Beýleki bir tarapdan, türkmen hökümeti alabaý itine bagyşlanan uly heýkel dikip, it baýramyny edip, hormatly at-dereje döredip, ýurtda alabaý itleriniň kultuny güýçlendirýär. Emma alabaý kulty beýleki itleriň, sol sanda hemme alabaýyň hem howpsuzlygyna hyzmat etmeýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy şu ýylyň 28-nji fewralynda häkimiýetleriň, Remezan aýynyň öňüsyrasynda, paýtagtyň köçelerindäki itleri we pişikleri ýok etmek çärelerini güýçlendirendigini, bu ýowuzlyga garşylyk görkezýän raýatlara, haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistlere polisiýa işgärleriniň haýbat atýandygyny habar berdi.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wagyzlaryna ynansaň, Türkmenistanda itleriň “gül ýaly” durmuşy bar, emma ýurtda ýykylan jaýlar, ykdysady kynçylyklar hojalygynda it saklaýan adamlaryň öňki ýyllardakysyndan gaty azalmagyna getirdi diýip, ahally çeşme aýdýar. Ýöne, maglumat ýapyklygy sebäpli, bu meselede hem anyk san getirip bolmaýar.

“Itiň bokurdagyna seretmek kyn bolýar diýip, öňki uly it saklaýan hojalyklar howlularynda gürji it saklaýarlar ýa-da it saklamagy bes edýärler. Ýurtda azyk gymmat, it däl, pişik saklaýan hem gaty azaldy” diýip, çeşme it, pişik iýmitleriniň esasan barly hojalyklaryň barýan dükanlarynda satylýandygyny hem sözüne goşdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlar eýesiz it-pişikleriň görnetin köpelendigini, olara gynanyp, köçede çörek berýän ýaşaýjylaryň hem bardygyny, ýöne gaty azdygyny, şol bir wagtda, daşarda eýesiz ygyp ýören janawarlara daş salýan oglanlaryň hem tapylýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk ýurtda guduzlan itleriň ýaran adamlarynyň öňki ýyllardaky sanyny we häzirki ýagdaýyny anyklap bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *