Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Özbegistanda pagta ýygymy sebäpli adatdan daşary ýagdaý girizildi

0

Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin 10 günlük adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdi. Bu karar 26-njy sentýabrda oba hojalyk meseleleri barada geçirilen ýygnakdan soň mälim boldy.

Prezidentiň metbugat gullugynyň habaryna görä, 2025-nji ýylda 875,000 gektar ýere gowaça ekilip, 3,7 million tonna pagta hasylyny almak üçin şertnama baglaşyldy.

Pagta hasylyny ýygnamaga 900-den gowrak oba hojalyk tehnikasy gatnaşýar, daýhanlara arzan bahadan dökün we ýangyç berildi.

“Gazeta.uz” neşiriniň habaryna görä, pagta hasylyny ýygnamak işi birnäçe sebitde süýrenjeňlige salynýar.

Surhandarýa, Horezm, Fergana we Andijan sebitlerinde gazanylýan netijeler kanagatlanarly hasaplandy, emma Samarkant, Syrdarýa, Nawoýi sebitlerinde ýagdaý kanagatlanarly däl diýlen netijä gelindi.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *