ABŞ-da şatdaun düzgüni işe girdi: Federal hökümet işini togtatdy
ABŞ-da Federal hökümet işini togtatdy. Kongres 1-nji oktýabra çenli býujeti kabul edip bilmedi, şu sebäpden şatdaun, ýapylmak düzgüni başlandy.
750,000 töweregi döwlet gullukçysy tölegsiz zähmet rugsadyna iberildi, örän wajyp işgärler, şol sanda harbylar we saglyk işgärleri aýlyksyz işleýärler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp biraz öň, öňüni alyp boljakdygyna garamazdan, federal hökümetiň ýapylmak ähtimallygynyň ýokarydygyny aýtdy.
“Roýters” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, amerikalylar üçin teklip edilýän saglygy goraýyş programmasy päsgelçilik döretdi. Onuň möhleti ýyl aýagynda gutarýar, demokratlar bu programmanyň möhletiniň uzaldylmagyny gazanmaga çalyşýarlar.
ABŞ-da hökümet iň soňky gezek 2018-nji ýylda, Trampyň ilkinji möhletinde ýapyldy we 35 gün dowam etdi. Bu ýurduň taryhynda hökümetiň iň uzak wagt ýapylmagy boldy.
ABŞ hökümeti 1981-nji ýyldan bäri 15 gezek ýapyldy.