Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Gelinler ogly bolýança çaga dogurmaga mejbur edilýär - çeşmeler

0
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýaş gelinleriň ýene bir meselesi bar, bu olaryň tä ogul bäbegi bolýança çaga dogurmaga mejbur edilmegi bilen bagly diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Bu alada, yzly-yzyna birnäçe gyzy bolan gelinleriň egninden agyr ýük bolup basýar, sebäbi olara, günäkär ýa aýyply adam ýaly, gaýynlary, adamsy, maşgaladaky gyzlar we ogly bolan gelinler tarapyndan hem basyş edilýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy.
Bu alada, aýdylmagyna görä, gyzlar durmuşa çykan badyna başlanýar, olar basymrak göwreli bolmak, ogul bäbekleriniň bolmagy barada dileg edip başlaýarlar diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
“Birinji çagasy gyz bolan gelinlere başda hiç zat diýilmeýär. Ýöne gelen gelin yzygiderli gyz dogursa, ony gaýyn öýüne sygdyrman başlaýarlar. Ýanýoldaşyna hem gep berýärler” diýip, çeşme aýtdy.
"Sen oglumy nesilsiz goýýarsyň"Onuň sözlerine görä, ejesiniň ýa aýal doganlarynyň gepine gidip, gelnine zulum edýän ýigitler hem bar. Bu ýagdaýlar käte maşgalanyň bozulmagyna, gyzjagazlaryň ejeleri bilen ýetim galmagyna hem sebäp bolýar.


Gaýyn eneleriň gelinlerine yzygiderli igenmegi, "sen ogluma ogul dogrup bereňok, oglumy nesilsiz goýýarsyň" diýen ýaly agyr, ýürek agyrdýan sözleri aýtmagy, gyz çagalary bolan gelniň utandyrylmagy, müýnli hala salynmagy käbir konserwatiw maşgalalarda tas adaty zat diýip, synçylar aýdýarlar.
Bu ýagdaýlar gelinleri şu günki agyr şertlerde, bir, iki çagany ekläp-saklamagyň kyn düşýän wagtynda, tä ogul bäbekli bolýança çaga dogurmaga itekleýär.
“Gelniň göwün islegi, sözi diňlenmeýär. 5, 6 gyzy bolan gelinler hem, ýaş ene üçin agyr bolsa-da, çaga dogurmagyny dowam etdirmeli. Onuň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanýan ýok” diýip, bu ýagdaýy Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi tassyklady.
Netijede, aýdylmagyna görä, yzly-yzyna gyz bäbekleri bolan gelinler, ogul dogurmak üçin, ginekologlaryň ýanyna baryp, maslahat soraýarlar, ýa-da palçylara, mollalara baryp, doga-tumar alýarlar, hatda mazarlyklara zyyarat edip, şol ýeriň şyhyndan doga sorap, duz alyp gaýdýarlar.
Mazarlygyň daşyna öz dileglerini ýazyp, çil agaçdan geçýänler hem bar diýip, çeşme aýtdy.
Türkmençilikde ogul bäbegiň kulty hemişe bolupdyr we bu Magtymguly Pyragynyň “Oguldyr döwletiň başy, gyz-da bolsa köňül hoşy” diýen setirlerinden hem görünýär. Bu ýagdaý adatça taryhy ýagdaýlar, agyr durmuş şertleri, ýurt goragçylarynyň zerurlygy bilen düşündirilýär.
Çäre, çykalga gözlegi, aýdylmagyna görä, ene-atalaryň, yrymçy garrylaryň gyz atlaryna köplenç ogul goşulmasyny goşmagyna, Ogulgerek, Ogulsabyr, Ogultuwak, Ogulşat, Ogulaý ýaly atlaryň köp dakylmagyna sebäp bolupdyr. Bu hili atlar kömek etmese, köp gyzly eneler çagalaryna Bessir, Doýduk ýaly atlary hem dakypdyr.
Soňky onýyllyklarda gyzlara edil Doýduk, Bessir, Ogulboldy ýaly kemsidiji atlaryň dakylmagy azaldy diýip, synçy aýtdy.
Ykdysady kynçylyklar aýal-gyzlaryň kemsidilmegini köpeldýärEmma muňa garamazdan, özüni dünýewi, hukuk döwleti diýip atlandyrýan Türkmenistanda kanunlaryň köplenç kagyz ýüzünde galýandygy, aýal-gyzlaryň hak-hukuklarynyň, mertebesiniň ýeterlik goralmaýan halatlarynyň garaşsyzlyk ýyllarynda, ykdysady kynçylyklryň arasynda has köpelendigini öňe sürýänler hem bar.


“Bir gelniň bäş gyzy boldy. Ol altynjy çagasyna göwreli bolup, birnäçe aýdan soň lukmanlara ýüz tutup, göwresindäki çaganyň jynsyny barlatdy. Medisina enjamy göwredäki çaganyň gyzdygyny görkezdi. Ol gelin bu täzeligi gaýyn öyüne aýtmakdan gorkup, ‘lukman ogul ýa-da gyz boljagyny bilip bilmedi’ diýip, ýalan sözledi” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, wagty gelip, gyzy bolan gelniň ýanýoldaşy oňa ‘sen indi gyzyň bilen öýe barjak bolma, saňa öýüň gapysy ýapyk’ diýýär we bäbekhanada bolan wagty, hassahanadan çykjak wagty ony düýpden idemeýär.
“Ahyrynda, gelni çaga dogrulýan öýden öz ene-atasy çykaryp, özleri bilen alyp gaýdýar. Şu hili ýagdaýlaryň her hilisi bolýar” diýip, çeşme türkmen metbugatynda bu hili zatlaryň agzalmaýandygyny, gelinleriň sosial goragy meselesiniň jemgyýetde örän uly meselä öwrülip barýandygyny hem sözüne goşdy.
Şeýle-de, Azatlygyň çeşmesi alty gyzy bolan gelniň maşgalasynyň bozulyşyny gürrüň berdi.
"Alty çagaly gelni öýden çykaryp kowdular”“Bir gelin 6 gyz dogranyndan soň, gaýyn tarapy ýene çaga başlamagyny talap etdi. Gelin çaga dogurmaga güyüniň ýokdugyny aýtdy. ‘Onda ogluma saňa derek başga, ogul dogrup berjek gelin aljak’ diýip, alty çagaly gelni öýden çykaryp kowdular.”
Azatlygyň aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylary häzir ýurtda bolýan zatlaryň bir toparynyň ‘akyla sygmaýandygyny aýtdylar, ýöne olar gelniniň ogul bäbegi bolmadyk gaýynlaryň ählisini, olaryň ogullaryny bir aýakdan sürüp bolmajakdygyny, gyz çagasynyň gadyryny bilýänleriň hem kändigini bellediler.
“...aglaba maşgalada ogul bäbegiň dogulmagy birinji ýerde goýulýar. Çaganyň oglany ýa gyzy bolmaz, sagdyn çaga dogulsa begenmeli, ýöne, gynansak-da, bu meselede diňe gelin günäli edilýär. Çaga mährine zar bolup ýören ene-atalar hem köp. Garran çagyňda ogul seretjekmi, gyz seretjekmi, bu belli däl, ogly bolup, ene-atasyny garrylar öýüne tabşyrýan hem kän” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, ogly bolman, gyz bäbekleri bolan gelinleriň düşýän ýagdaýlaryny töwerekleýin öwrenmek, jemgyýetçiligiň bu meselelere garaýyşlary baradaky pikirlerini açyk aýdýan wideolaryny çap etmek mümkinçiligi bizde häzirlikçe ýok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *