'Ygtyýarly edaranyň karary bilen'. Türkmen häkimiýetleri öňki žurnaliste ýurtdan çykmaga rugsat bermeýär
"Gözegçilikli" çykyş gadaganlygyTürkmenistanly Nurgeldi Halykowyň sözlerine görä, ol geçen ýylyň ahyrynda Dubaýda 2017-nji ýyldan bäri işleýän myhmançylyk pudagynda iş tapypdyr. Iş berijisi çakylyk iberip, “Fly Dubai” uçaryna bilet üçin pul töläpdir. Şeýle-de bolsa, Halykow 12-nji ýanwarda Aşgabatdan uçup bilmedi.
"Ýurtdan çykmaga rugsat berilmänsoň, maňa has giňişleýin maglumat üçin immigrasiýa gullugyna ýüz tutmagy maslahat berdiler. Ol ýerde meniň çykyşymyň 'ygtyýarly edaranyň' karary bilen çäklendirilendigi barada jogap aldym. 'Ygtyýarly edara' diýlende, adatça Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi göz öňünde tutulýar. Migrasiýa gullugynyň beren jogabynda esaslar ýa-da dowamlylyk görkezilmeýär. Men üç gezek baş prokuratura, adam hukuklary boýunça Ombudsmene ýüzlendim, ol maňa suda ýüz tutmagy maslahat berdi we men şeýle etdim. Aprel aýynda men suda berdim, kazyýet işi dowam edýär. Şu wagta çenli hiç kim meniň çykyşymy çäklendirmek boýunça hiç hili esas görkezip bilmedi"- diýip, Nurgeldi Halykow Azatlyk Aziýa gürüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda syýahat gadagançylygynyň iki görnüşi ulanylýar: "adaty" we "gözegçilikli".
"Adaty gadaganlyk migrasiýa gullugynyň özi tarapyndan girizilip bilner. Elmydama gadagançylygyň girizilmegine degişli kanun görkezilýär we onuň dowamlylygy iki, üç ýa-da bäş ýyl bilen kesgitlenýär. Şeýle-de 'gözegçilikli' gadaganlyk bar. Meniň ýagdaýym şonuň bilen baglanyşykly. Bu ýagdaýda ne sebäp, ne-de wagt görkezilýär. Kazyýet diňlenşigi wagtynda kazy maňa girizilen 'gözegçilik' gadagançylygynyň administratiw akty ýerine ýetirmeýändigini we şu sebäpli bikanundygyny aýtdy. Administratiw akty hemişe sebäbini, dowamlylygyny we kimiň karar çykarandygyny öz içine almalydyr "- diýip, öňki žurnalist aýtdy.
Nurgeldi Halykow 2018-nji ýyldan bäri garaşsyz onlaýn neşiri turkmen.news bilen işleşdi. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ony helegärlik aýyplamalary esasynda dört ýyllap azatlykdan mahrum etdiler.
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bu aýyplamalaryň toslanyp tapylandygyna we onuň žurnalistik işi bilen baglydygyna ynanýarlar. Halykow Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleriniň COVID-19 pandemiýasy wagtynda Türkmenistana baran pursadynyň suratlaryny paýlaşypdy.
Aşgabat, global pandemiýa döwründe ýurtda COVID-19-yň bardygyny inkär etdi, keselçilik ýagdaýlary we ölümler barada statistikany çap etmedi. Şeýle-de bolsa, garaşsyz çeşmeler "pnewmoniýa" sebäpli ölenler we medisina işgärlerine edilýän basyşyň köpelendigi barada habar berdiler. Bu, hökümetiň hakyky ýagdaýy ýaşyrýandygyny görkezipdi. Şeýle-de bolsa, türkmen hökümeti ätiýaçlyk çärelerini berjaý etdi we BMG bilen hyzmatdaşlyk edip, hökmany sanjym talabyny girizdi. Emma bu maglumatlaryň dogrulygy şübheli bolup galýar. BSG-niň hünärmenleri bu ýurda 2020-nji ýylyň iýul aýynda baryp gördüler.
Dürli halkara guramalary we ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Halykowy gorap çykyş etdiler, Aşgabada gepleşik üçin baran Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň resmi wekilleri hem türkmen resmileri bilen duşuşyklarynda onuň ýagdaýyny gozgadylar.
2024-nji ýylda Halykow türmeden boşadyldy, žurnalistikany bes etmek we diňe esasy ugry - myhmansöýerlik pudagynda işlemek kararyna geldi.
Emma ol özüne beýle mümkinçiligiň berilmeýändigini aýdýar.
"Göräýmäge Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrligi ýurtdan çyksam, ýurdy garalap başlamagymdan we beýleki aktiwistler ýaly TikTok ýaýlymyna başlaryn öýdüp, gorkýan bolmaly. Ýöne mende beýle meýil ýok" - diýip, Halykow aýdýar.
"Jezanyň dowamy"Turkmen.news onlaýn neşiriniň düýbüni tutujy baş redaktor Ruslan Mätiýewiň pikiriçe, Nurgeldi Halykowyň Türkmenistandan gitmegini gadagan etmek üçin hiç hili kanuny esas ýok.
"Migrasiýa baradaky Kanunyň 24-nji maddasynyň 1-nji böleginde Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek ýa-da girmek hukugyndan mahrum edilip bilinmejekdigi aýdylýar. 30-njy maddada türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmagy üçin wagtlaýyn çäklendirmeleriň sebäpleri görkezilýär, ýöne Nurgeldi Halykowyň ýagdaýy bularyň hiç birine degişli däl" -diýip, Mätiýew aýdýar.
Mýatiýew öňki žurnalistiň ýurtdan gitmeginiň gadagan edilmegine birnäçe sebäbiň bardygyny aýdýar.
"Bu, oňa ýurtdan daşlaşmazlyk, köp gürlemezlik üçin berilýän jezanyň dowamy. Olar daşary ýurtlarda türkmen dissidentleriniň, oppozisiýa wekilleriniň we adam hukuklaryny goraýjylaryň sanynyň köpelmegini islemeýärler. Ony ýakynda saklamak peýdaly. Bu adamyň žurnalistika işini dowam etdirmek niýeti ýok. Ol diňe öz esasy käri boýunça işlemek isleýär, aýaga galmak, galyberse, pul gazanmak we maşgala gurmak isleýär. Onuň tejribesi bar: ol bu ugurda ençeme ýyllap, biziň neşirimiz bilen işleşmekden esli öň zähmet çekdi. Olar öz hereketleri bilen ony Türkmenistanda işsiz, gazançsyz saklaýarlar we daşary ýurda gitmeginiň öňüni almak bilen, ony bikanun höküme sebäp bolan işini dowam etdirmäge iterýärler" - diýip, Mätiýew aýtdy.
Syýahat gadagançylygyTürkmen häkimiýetleri köp ýyl bäri raýatlarynyň ýurtdan çykmagyny çäklendirýärler. Ruslan Mýatiýewiň sözlerine görä, bu tejribe öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe başlandy we ogly Serdar Berdimuhamedowyň döwründe şu güne çenli dowam edýär. "Soňky ýyllarda Türkmenistanyň migrasiýa gullugy ähli çäklerden çykdy. Muny öz islegi we Milli howpsuzlyk ministrliginiň buýrugy bilen edýärler. Bu gadaganlyk kime degişli? 'Ygtybarsyz' hasaplanan her bir adama. Ýene bir ýagdaý bar: maşgalada kimdir biri 'ygtybarsyz' hasaplanan bolsa, garyndaşlarynyň hemmesine awtomatiki usulda daşary ýurda gitmek gadagan edilýär "- diýip, Mätiýew aýtdy.
Öňki ýyllarda syýahat gadaganlygy esasan dolandyryjy režimi tankytlaýanlara we olaryň garyndaşlaryna täsir eden bolsa, soňky döwürde häkimiýetler adaty türkmen raýatlarynyň hem ýurtdan çykmagyny gadagan edip başladylar.
Mndan öň watanyna pasportlaryny uzaltmak üçin wagtlaýyn baryp, soň ýurtdan çykyp bilmedik zenanlar, ýagny türk raýatlary bilen durmuş guran türkmen aýallary barada habar berlipdi.
Aşgabat daşary ýurtlara gidýänleriň sanyny başga sebäpler esasynda hem çäklendirmäge synanyşýar. Mysal üçin, 2022-nji ýylda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary ýa-da türmä höküm edilen garyndaşlary bar bolan raýatlara daşary ýurtda işlemek ýa-da syýahat etmek gadagan edilipdi.
2023-nji ýylyň awgust aýynda daşary ýurda gidýänleriň psihologiki synagdan geçmelidigi, Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirmelidigi we wizalary gutarmanka ýurda gaýdyp barmak kepilligine gol çekmelidigi habar berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.