Daşoguza Aşgabatdan döwlet emeldarlary geldi, sebitde arassaçylyk işleri geçirildi we azyk bolçulygy döredildi
“Daşoguzda saparda bolýan döwlet emeldarlary 29-njy sentýabrda Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda iş saparynda boldular. Olar 30-njy sentýabrda Gurbansoltan eje we Görogly etraplaryna bardylar. Ozalkylardan tapawutlylykda, olar bu gezek etraplara awtoulagda däl-de, dikuçarda sapar etdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.
Sebitiň etrap häkimlikleriniň birindäki çeşmämiziň we býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, barlagçy toparynyň düzüminde käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary we orunbasarlary bar.
"Gyzlaryň ahlak terbiýesi meseleleri..."“Olar esasan bilim, saglyk, söwda, gurluşyk, ýol aragatnaşyk pudaklaryna degişli edara-kärhanalara baryp görýärler. Şeýle-de, olar Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky şaly meýdanlarynda bolup, şu ýyl tüwini “köp mukdarda öndürmek” talabyny tekrarladylar. Barlagçy topar şalyny gaýtadan işleýän kärhananyň işi bilen hem tanyşdy” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Mundan başga-da, Aşgabatdan gelen resmiler, çeşmämiziň sözlerine görä, Daşoguz-Türkmenabat gara ýolunyň taslamasyny çyzmak, onuň gurluşygyna geljek ýylyň maý aýyna çenli başlamagy meýilleşdirmek barada hem maslahat etdiler.
“Olar Daşoguzyň iri bazarlaryny ýykyp, täze döwrebap edip gurmak barada hem gürrüň gozgadylar. Ýöne bu barada heniz anyk bir zat aýdylmady” diýip, çeşmämiz belledi.
Köneürgençli bilim işgärleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, barlagçy topar sebitiň bilim edaralarynyň, şol sanda orta mekdepleriniň birnäçesine hem aýlanyp, esasan gyzlaryň ahlak terbiýesi meselelerine ünsi çekdi.
“Dürli ýaşdaky ýetginjekleriň jynsy zorluga uçramagy bilen bagly hadysalary aradan aýyrmak berk tabşyryldy” diýip, köneürgençli bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Emeldarlaryň ýurduň demirgazyk welaýatyna edýän sapary barada döwlet metbugatynda hiç bir maglumat göze ilmeýär. Azatlygyň bu barada degişli sebit häkimiýetlerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Ýöne edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary döwlet emeldarlarynyň iş saparyna mejbury arassaçylyk işlerini geçirip, taýýarlyk gördüler.
Saparyň öň ýanynda, edara-kärhanalaryň ençemesinde, şeýle-de köçelerde arassaçylyk işleri geçirildi we bular Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda, býujetçiler tarapyndan amal edildi.
"Emeli azyk bolçulygy we arzançylygy"“Sebitde emeli azyk bolçulygy we arzançylygy hem döredildi. Ýöne býujet işgärleriniň pagta ýygymyna çekilmegi dowam edýär” diýip, býujet işgäri belledi.
Türkmenistanda Aşgabatdan ýurduň sebitlerine barlagçylaryň iberilmegi bilen bagly wakalar ýylyň dowamynda birnäçe gezek bolýar. Resmileriň bu saparlary barada köplenç döwlet mediasynda maglumat berilmeýär. Ýöne ýerli edara-kärhanalardaky çeşmelerimiz we býujet işgärleri bu saparlar barada wagtal-wagtal maglumat berýärler.
Olaryň tassyklamagyna görä, resmiler bu saparlaryň “sebitleri ösdürmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga” gönükdirilendigini aýdýarlar.
Ýöne daşoguzly ýaşaýjylaryň, şol sanda býujet işgärleriniň ençemesi bu saparyň halkyň durmuşynda oňyn netijeler döretjekdigine şübhe bildirýär.
“Sebite sapar edýän emeldarlaryň berýän wadalary köplenç ýerine ýetirilmeýär. Hatda Daşoguz-Aşgabat ýolunda hem abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Halkyň içerki ýollary, elektrik geçirijileri abatlanmaýar. Aşgabatdan barlagçylar gelende, hamala, azyk arzançylygy we bolçulygy döredilýär. Ýöne hakykatda etiň 1 kilogramynyň bahasy 110-125 manat aralygynda bahalanýar. Ipoteka jaý almak, mellek ýer almak ýaş maşgalalaryň uly problemasy bolmagynda galýar. Emeldarlara gözboýagçylyk edýän ýerli häkimlikler bu zatlary gizläp, halkyň hakyky problemalaryny aýtmaýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.