Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Gyrgyz prezidenti zorlanan gyz sebäpli ölüm jezasynyň girizlmegini buýurdy

0

Gyrgyzystanyň prezidenti Yssykkölde 17 ýaşly bir gyz zorlanyp, rehimsizlik bilen öldürileninden soň, ýurtda ölüm jezasynyň dikeldilmegini buýurdy.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow administrasiýanyň hukuk bölümine ölüm jezasynyň dikeldilmegi üçin kanunçylyk düzedişlerini taýýarlamagy tabşyrdy diýip, prezidentiň metbugat sekretary Askat Alagozow 1-nji oktýabrda habar berdi.

"Hususan-da, çagalaryň zorlanamagy üçin, şeýle-de aýallaryň zorlanmagy we öldürilmegi sebäpli ölüm jezasynyň girizilmegi barada gürrüň edilýär. Prezident Sadyr Žaparowyň pikiriçe, hususan-da çagalara, aýallara garşy jenaýat edenler jezasyz galdyrylmaly däl” diýip, ol anyklaşdyrdy.

Žaparow bu karary Yssykköl sebitinde bolan wakanyň fonunda, 17 ýaşly Aýsuluu M. öldürileninden soň kabul etdi. Aýsuluu 27-nji sentýabrda Jeti-Oguz etrabynda ýitirim boldy. Gyzyň jesedi ýakynda, Boom jülgesinden tapyldy.

Bişkekde bu işde güman edilen 41 ýaşly erkek tussag edildi, ol gyzy zorlandygyny we öldürendigini boýun aldy. Prezident bu işiň derňewini öz gözegçiligine aldy.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *