Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmen hökümeti döwletiň ýene bir 24 desgasyny satmaga çalyşýar

0

Türkmen metbugaty ýurtda döwlet serişdesine gurlan netijesiz desgalaryň satlyga çykarylmagynyň dowam etdirilýändigini habar berýär.

Biznes Türkmenistan” neşiri 1-nji oktýabrda döwlet eýeçiligindäki 24 desganyň satuwa çykarylýandygyny habar berdi.

Hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläkleriniň sanawy çarşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Bäsleşikli söwda 17-nji oktýabrda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam hem-de onuň mobil goşundysy arkaly geçiriler.

Satlyga çykarylýan iri desgalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Berzen geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän, eýeleýän meýdany 3 müň 967 inedördül metr bolan kerpiç zawody, Lebap welaýatyndaky iki gatly bina hem-de Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 400 in.m) bar.

Bäsleşikli söwda şeýle hem hyzmat ediş desgalary, şol sanda dükanlar, kafeler, naharhanalar, edara binalary we önümçilik kärhanalary hödürleniler diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda soňky 34 ýylda döwlet serişdesine gurlan, özüni ödemeýän desgalar yzygiderli satuwa çykarylýar. Bildirişlerdäki sanawlar şol bir desgalaryň satuwa çykarylýandygyny we geçmeýändigini görkezýär.

Azatlygyň çeşmeleri, ýerli ykdysatçylar ýurtda gurlan uly desgalaryň köpüsiniň ne döwlet eýeçiliginde, ne hususy eýeçilikde özüni ödejekdigini, emma bu ýagdaýa degişli ykdysady bahanyň berilmeýändigini, häkimiýetleriň jogapkärçiliksiz gurluşyklaryň halk hojalygyna ýetirýän maddy zyýanyny, sowrujylygy boýun almakdan gaça durýandyklaryny aýdýarlar.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *