Aşgabatda Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda döredilen “azyk bolçulygy we arzançylygy” aradan aýryldy
“Garaşsyzlyk gününden sanlyja gün geçip-geçmänkä, ýagny şu hepde baýramçylygyň öň ýanynda arzan bahadan satuwa çykarylan doňdurylan etiň satuwy bes edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýatlatsak, Türkmenistanda 27-nji sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününe 10 gün çemesi galanda, Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda we olaryň bazarlardaky nokatlarynda adatdakysyndan 30% arzan, ýagny 1 kilogramy 80 manat bahalanýan et peýda boldy.
Şonda alyjylaryň köpüsi daşary ýurtlardan import edilendigi aýdylýan bu etiň tagamsyzdygyny, ýöne ýerli etiň bir kilogramy 120 manat bahalanýan mahaly, oňa tagam berijileri garyp, dürli naharlary taýýarlaýandyklaryny aýdypdy.
Baýramçylyk günlerindäki we häzirki nyrhlar...Habarçymyz paýtagtyň ençeme bazaryna aýlanyp görüp, azyk harytlarynyň baýramçylyk günlerindäki we häzirki bahalaryny deňeşdirdi.
“Käşiriň bir kilogramy 8 manat 60 teňňedi, häzir 9 manat 50 teňňe bahalanýar. 25 manat 50 teňňeden satylan banan häzir 27 manat bahalanýar. Bir kilogramy 4 manat 50 teňňe bolan ajy burç häzir 6 manatdan satylýar. Üzümiň bir kilogramy hem 7 manat 30 teňňeden 8 manada ýokarlanypdyr” diýip, habarçymyz aýtdy.
Ozal bir kilogramy 12 manat bahalanan sarymsak hem, häzir 12 manat 50 teňňeden satylýar. Pomidoryň bir kilogramy 8 manatdan 12 manada, hyýar 6 manat 30 teňňeden 8 manada ýokarlandy.
“Ýerli ýeralmanyň bir kilogramy 8 manat 60 teňňeden 9 manat 50 teňňä, gök otlaryň bir dessesi 3 manat 50 teňňeden 4 manat 50 teňňä ýokarlanypdyr. Dürli görnüşdäki alkogolsyz şireli suwlaryň 0,33 gramlyk bir çüýşesiniň bahasy 5 manatdan 6 manada gymmatlapdyr” diýip, habarçymyz aýtdy.
Şikaýatlara "gulak asylmaýar"Paýtagtyň bazarlarynyň administrasiýalary baýramçylygyň yz ýanynda azyk önümleriniň bahalaryny gaýtadan ýokarlanmagynyň sebäpleri barada alyjylara haýsydyr bir resmi düşündiriş bermeýärler. Bu barada bazarlaryň derwezelerinde haýsydyr bir bildiriş hem asylmaýar.
Gymmatlama paýtagtly alyjylaryň köpüsinde nägilelik döretse-de, olaryň tassyklamagyna görä, raýatlaryň bu barada edýän arz-şikaýatlaryna bazar resmileri ýa-da söwdagärler tarapyndan “gulak asylmaýar”.
“Bazara baran köp alyjy özüçe nägileligini beýan edip, azygyň gymmatlandygyndan zeýrenýär. Ýöne olaryň nägileligi hemişeki ýaly oňyn netije bermeýär” diýip, paýtagtly alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň paýtagtdaky edarasy bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 2-nji oktýabrda ministrligiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine yzygiderli eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda uludan bellenilýän köp baýramçylyklaryň we seneleriň öňüsyrasynda, döwlet dükanlarynda we bazarlarda azyk harytlarynyň käbir görnüşleri arzan bahadan satuwa çykarylýar. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmeýär we baýramçylykdan sanlyja gün ýa-da hepde soň aradan aýrylýar. Azyk önümleri öňküsinden hem gymmatlaýar.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy ýyllarboýy gaýtalanyp gelýän bu tejribe barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.