Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

ABŞ Türkmenistany mejbury zähmeti höweslendirýänleriň sanawyndan aýyrdy

0

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany mejbury zähmeti, “adam söwdasynyň" ol ýa-da beýleki islendik görnüşini höweslendirýän ýurtlaryň sanawyndan aýyrdy diýip, “Fergana” habar gullugy amerikan edarasynyň web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Resminamada anyklaşdyrylmagyna görä, Birleşen Ştatlarda adam söwdasynyň iki esasy görnüşi – jynsy ekspluatasiýa we mejbury zähmet nazarda tutulýar.

Analitikler dürli ýurtlardaky ýagdaýlary öwrenip, olary birnäçe kategoriýa bölýärler. Mysal üçin, hökümetleri adam söwdasyna garşy standartlary berjaý edýän ýurtlaryň sanawy bar; beýleki bir sabawda häkimiýetleri şeýle negatiw hadysalary we şuňa meňzeş zatlary ýok etmek üçin tagalla edýän ýurtlar görkezilýär.

Şeýle-de, Döwlet departamenti oba hojalygynda ýa-da tokaý hojalygynda, lagerlerde jynsy gulçulyga ýa-da çagalary esgerlige almak syýasatyny ýa-da nusgalaryny ulanýan ýurtlaryň sanawyny düzýär.

Geçen ýylyň hasabatynda Türkmenistan bu kategoriýadaky ýurtlaryň sanawyna goşulan bolsa, indi ýörite gözegçiligi talap edýän ýurtlaryň sanawyna geçirildi diýip, habarda bellenýär.

Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda pagta ýygymynda yzygiderli ulanylýan mejbury zähmet hakynda onlarça ýyl bäri habar berip gelýärler.

Soňky ýyllarda pagta ýygymyndaky mejbury zähmet býujet işgärlerinden mejbury-meýletin ýagdaýda ýygnalyp alynýan pullaryň hasabyna, esgerleriň, öňki tussaglaryň, ýolda saklanan sürüjileriň we ýolagçylaryň ulanylmagynyň, pagta ýygmaga mejbur edilmeginiň ýygjamlaşmagy bilen has-da güýçlendirildi diýip, synçylar aýdýarlar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar ozal oba hojalygynda işlän erkekleriň müňlerçesiniň daşary ýurtlara, zähmet migrasiýasyna gitmegine sebäp boldy.

Azatlyk bilen gürleşýän daýhanlar döwlet tabşyrygy esasynda galla, gowaça ekip, eklenmegiň tasdan mümkin däldigini, oba ilatynyň ýyldan-ýyla garyp düşýändigini, doýagarna iýmeýän adamlaryň dürli keselleriň pidasy bolmagynyň aňsatlaşandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri bu meseleler boýunça garaşsyz žurnalistlere hiç bir düşündiriş bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *