Balkanyň häkimiýetleri manadyň galp kupýuralary “köpelýärkä”, walýuta söwdagärlerini we telekeçileri berk derňeýär
“Geçen hepdäniň bäşinji gününden, ýagny 26-njy sentýabrdan bäri ýerli polisiýa we beýleki kanun goraýjy edaralaryň işgärleri gara bazarda walýuta söwdasyny edýän söwdagärleri, daşary ýurtlardan kargo hyzmatyny hödürleýän we ýük getirýän telekeçileri berk derňeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly walýuta söwdagäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda aýtdy.
Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň kanun goraýjy edaralaryndaky birnäçe çeşmämiziň tassyklamagyna görä, hususan-da, Türkiýe we Russiýa döwletleri bilen kargo hyzmatlaryny hödürleýän telekeçiler çuňňur derňelip soraga çekilýärler.
“Bu ýurtlar bilen iş salyşýan, dürli ýükleri daşaýan telekeçiler manadyň 50 we 100 kupýuralarynyň galplaşdyrylan banknotlaryny getirmekde güman edilýärler. Türkiýeden we Russiýadan gelýän ýükler hem berk barlanýar” diýip, çeşmämiz belledi.
Bu şäherlerde dollaryň gara bazar söwdasy bilen meşgullanýan söwdagärleriň ençemesi hem, soňky üç gün bäri “adatdaky tertipde” işläp bilmeýändiklerini, kanun goraýyjylaryň özlerini yzygiderli derňäp, soraga çekýändigini aýdýar.
"Galp kupýuralary hakykysyndan tapawutlandyrmak tas mümkin däl"“Olar biziň ähli pulumyzy alyp, pul anyklaýjy “skanner” apparatyndan geçirýärler. Hukuk goraýjy edaralaryň hünärmenleri pullary ýekän-ýekän elde hem barlaýarlar. Olar 5-6 sagatdan soň pullarymyzy yzyna berip goýberýärler” diýip, türkmenbaşyly walýuta söwdagäri anonimlik şertinde aýtdy.
Söwdagärleriň we telekeçileriň tassyklamagyna görä, kanun goraýjy edaralaryň wekilleri bu çäreleriniň sebäbi barada aç-açan resmi düşündiriş bermän, diňe sebitde türkmen manadynyň galp kupýuralarynyň göz-görtele köpelendigini aýtmak bilen çäklenýärler.
Bu maglumaty sebitiň döwlete degişli banklarynyň birindäki çeşmämiz hem tassyklap, galp kupýuralary hakykysyndan tapawutlandyrmagyň tas mümkin däldigini belleýär.
“Ýerli ýygym kassalaryndan düşen bu kupýuralar banklara baranynda pullary sanamaga we onuň hakykydygyny anyklamaga niýetlenen ýörite enjamlardan geçirilýär. Şol pursatda kupýuralaryň galpdygy anyklanýar. Soňky günlerde galp pullaryň aşa köpelendigi hasaba alynýar” diýip, bank işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Ol hem döwletde, hem hususy pudakda manat ýetmezçiliginiň ýitileşendigini, käbir adamlaryň mundan peýdalanyp, “Türkiýede we Russiýada çapdan çykarylandygy aýdylýan manadyň galp kupýuralarynyň millionlarça manadyny dolanyşyga girizendigini” hem belledi.
100 müň galp türkmen manady ele salyndyAzatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Balkanyň Polisiýa müdirliginden we ýurduň Merkezi bankyndan telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 2-nji oktýabrda müdirligiň we bankyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Balkanyň häkimiýetleriniň bu çäreleri, Türkiýede 100 müň manat möçberindäki galp türkmen manady ele salnandan we munuň bilen bagly azyndan 15 adam tussag edilmeginden iki hepde çemesi soňa gabat geldi.
“Stambulyň Polisiýa müdirliginiň maliýe jenaýatlaryna garşy göreşýän bölüminiň işgärlerine galp türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmäge çalşylýandygy baradaky maglumatlar gelip gowuşdy. Yzly-yzyna geçirilen reýdlerde 17 şübheliden 15 sanysy tussag edildi. Reýdleriň dowamynda 16 sany ýerde we iki sany walýuta söwdasyny edýän nokatda geçirilen gözleglerde 100-lik banknot görnüşinde galp 100 müň manat ele salyndy” diýlip, “tv100” telekanalynyň 15-nji sentýabrda çap eden wideomaglumatynda bellenilýär.
Bellesek, 100 müň manat Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursunda 28 müň 570 we gara bazaryň nyrhynda 5 müň ABŞ dollaryna barabardyr.
Türk mediasynda tussag edilen şübhelileriň şahsyýetleri we olaryň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Bu wakalar, soňky aýlarda Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensionerleriň pensiýa haklarynyň we mümkinçiligi çäkli raýatlaryň, ýaş çagaly eneleriň döwlet kömek pullarynyň berilmeginiň gijikdirilýän mahalyna gabat geldi. Balkanyň döwlete degişli maliýe edaralarynyň biriniň hünärmeni 18-nji sentýabrda Azatlyga beren maglumatynda gijikmäniň sebäbini “býujetde puluň ýokdugy” bilen düşündiripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.