Howpsuzlyk geleňsizligi sebäpli, Oşda 13 gatly ýaşaýyş jaýynda uly ýangyn turdy
Gyrgyzystanyň Oş şäherindäki 13 gatly ýaşaýyş jaýynda turan ýangyn sebäpli, 19-njy oktýabrda bu ýerden 200-e golaý adam ewakuasiýa edildi. Sosial ulgamlarda ýaýradylan wideolarda binanyň üçegindäki ýangyn görünýär. Ýangyn 1900 inedördül metre golaý meýdany gaplap aldy.
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi binanyň ýangyn howpsuzlygy talaplaryna laýyk gelmeýändigini, bu ugurdaky zerur şertleriň üpjün edilmändigini aýtdy. Oş şäher häkimligi ot alan kwartiralary dikeltmegi wada berdi.
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň Oş şäher bölüminiň müdiri Altynbek Abdyldaýewiň sözlerine görä, adamlary halas etmek üçin köp wagt gerek boldy:
“Sekiz sany ýangyn söndüriji maşyn getirildi, iki sany awtobasgançak işledildi. Olaryň biri 54 metr belentlige ýetýär, bu takmynan 18-nji gat bolýar, beýlekisi 30 metre ýetýär. Ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek köp wagt aldy. Ýaralanan adam ýok. “Bizde tehniki enjamlar we işgär ýeterlik" diýip, ol aýtdy.
Abdyldaýew binanyň ýangyn howpsuzlygy standartlaryna laýyk gelmeýändigini we hökmany barlagdan geçmändigini aýtdy.