IDF Gaza zolagyndaky ýaraşyk düzgüniniň dikeldilendigini aýdýar
IDF, ysraýyl goşuny Gaza zolagyndaky ýaraşyk düzgüniniň dikeldilendigini habar berdi.
IDF ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini berjaý etmegini dowam etdirjekdigini we islendik düzgün bozma aýgytly jogap berjekdigini aýdýar.
IFD 19-njy oktýabrda Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäherine howa zarbasyny urdy. Bu zarba, goşunyň beýanatynda aýdylmagyna görä, HAMAS, ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçylyk guramasy diýlip kesgitlenen topar ysraýyl esgerlerine ok atanyndan soň, ýaraşyk ylalaşygynyň şertlerine laýyklykda, Rafah sebitindäki terrorçylyk infrastrukturasyny ýok etmek üçin uruldy.
HAMAS ýaraşyk şertnamasyna ygrarly bolmagynda galýandygyny, hüjüm nyşanasynyň ysraýyl patruly bolman, özlerine garşy çykýan ýerli milisiýanyň ýolbaşçysy bolandygyny aýtdy.
Ysraýylyň Milli howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir bu wakadan soň, HAMAS toparynyň şertnamany bozýandygyny öňe sürüp, premýer-ministr Benýamin Netanýahy "urşy doly görnüşinde dikeltmäge" çagyrdy.