Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmen, owgan liderleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygy bilen tanyşdy

0

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasynyň Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny we sebitdäki ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde gurujy rol oýnajakdygyny aýtdy diýip, “Tolonews” habar berýär.

Iki goňşy ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleri, Owganystanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradaryň we Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, 20-nji oktýabrda TOPH taslamasynyň Owganystanyň içindäki böleginiň durmuşa geçirilýän ýerine baryp gördi.

Baradar TOPH taslamasyny sebit hyzmatdaşlygy, ykdysady integrasiýa we umumy abadançylyk üçin möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi we bu geçirijiniň gurluşygynyň Owganystanyň içinde eýýäm 14 kilometr ileri süýşendigini aýtdy.

Ol Owganystanyň yslam emirliginiň diňe TOPH gaz geçirijisi bilen çäklenmän, Türkmenistan bilen aralykda has giň ykdysady koridor gurmak niýetiniň hem bardygyny aýtdy.

Wise-premýeriň edarasynyň beýanynda aýdylmagyna görä, bu koridor TAP-500 elektrik geçiriji liniýasyny, ýagny Türkmenistanyň, Owganystanyň we Türkiýäniň gatnaşmagyndaky taslamany, demirýol gurluşygyny, ýol gurluşygyny, logistika merkezlerini we beýleki ykdysady başlangyçlaryny öz içine alýar; yslam emirliginiň bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, howpsuzlygy we dowamlylygy meselesinde doly ygralydygy bellenýär.

Şeýle-de, molla Baradar Türkmenistany we beýleki halkara hyzmatdaşlary Owganystandaky häzirki maýa goýum mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, ýurduň ösüşine goşant goşmaga çagyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyk wagtynda Kabul bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklary peýdaly we giňelýän hyzmatdaşlyk hökmünde häsiýetlendirdi we Yslam Emirligine bu möhüm sebit taslamasyny durmuşa geçirmekde edýän doly hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, “häzirki şertler TOPH-yň durmuşa geçirilmegi üçin aňrybaş derejede amatly, sebäbi ol global goldawdan peýdalanýan ýeke-täk sebit taslamasy bolup durýar”.

Türkmenistanyň öňki prezidenti öz ýurdunyň bu taslamany öz wagtynda tamamlamagy maksat edinýändigini we, ol ulanmaga berleninden soň, Owganystanyň her ýylda takmynan bir milliard dollar girdeji gazanmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *