Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

"Proekt": Rus resmileriniň 76% -iniň hökümetde işleýän garyndaşy bar  

0

“Proektiň” žurnalistleri Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň 76% -iniň hökümetde işleýän, döwlet kärhanalary, jemgyýetçilik guramalary, syýasy guramalar bilen baglanyşykly garyndaşlarynyň bardygyny anykladylar.

Derňewçiler ýokary derejeli döwlet wezipelerini eýeleýän 1329 adamyň nesil daragtyny, garyndaşlyk gatnaşyklaryny barladylar. Netijede, 1012 resminiň garyndaşlarynyň häkimiýet wezipelerinde işleýändigi anyklandy. Mundan başga, olaryň ýarysynyň hökümet bilen baglanyşykly wezipeleri eýeleýän üç ýa-da ondan hem köp maşgala agzasy bar.

Şeýle-de, onlarça adamdan ybarat "dinastiýalaryň" bardygy anyklandy: žurnalistleriň maglumatlaryna görä, bu meselede rekordy Kadyrow urugy goýupdyr.

Çeçenistanyň baştutanynyň hökümetde ýa-da döwlete degişli kärhanalarda 96 garyndaşy bar.

Žurnalistler Wladimir Putiniň hem 26 garyndaşynyň hökümet bilen baglanyşykly wezipelerde işleýändigini anykladylar.

Rus parlamenti garyndaşparazlyk meselesinde iň öňde barýar, Federasiýa Geňeşiniň agzalarynyň 86% -iniň we Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň 84% -iniň häkimiýet wezipelerinde işleýän garyndaşlary bar. Bu meselede iň ‘gowy’ nusgany senator Arsen Kanokow görkezýär, onuň 20-ä golaý garyndaşy häkimiýet wezipelerinde işleýär.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *