Akdepe goşun galasynda harbylaryň ýaşaýan öýlerine suw çäkli berilýär
Türkmenistanly harby gullukçylaryň ýaşaýyş şertleri ýaramazlaşýar. Goşun galalarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlar bejerilmeýär, suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär.
Ahal welaýatynyň Akdepe goşun galasynda harbylar üçin ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiligi örän gowşak bolup, günde agyz suwy dört sagatdan artyk berilmeýär.
"Irden 9-a çenli iki sagat krantdan suw akýar, öýländen soň hem bir, bir ýarym sagat, kä wagtlar iki sagat suw akýar. Günüň galan bölegi ýaşaýjylar suwsuz oňuşmaly bolýarlar" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Bu ýagdaý ýaşaýjylaryň diňe bir hojalyk zerurlyklary üçin suwsuz kösenmegine däl, eýse içmek üçin agyz suwundan mahrum bolmagyna getirýär.
Ýaşaýjylar kime arz etjegini bilmeýär. Harby ýolbaşçylygy hem arz-şikaýaty diňlemäge islegsiz diýip, çeşmeler belleýär.
"Harby adamlar serkerdelere bagly bolansoň, ýagdaýa tabyn bolmaly bolýar. Olarda arz-şikaýat etmek mümkinçiligi bolmaýar. Olar arzyny aýtjak bolsalar: 'Siz pitne etjek bolýarsyňyzmy? Hökümeti goramaly adamlar hökümete garşy bolýarsyňyzmy' diýip, dessine harbylara haýbat atýarlar" diýip ýene bir çeşme aýdýar.
Bu ýagdaýdan habarly birnäçe çeşmäniň Azatlyga beren maglumatlaryna görä, ýaşaýjylar öz ýagdaýy barada arzyny ýurt ýolbaşçylarynyň dykgatyna ýetirmek üçin başga mümkinçiligi bolman, habar serişdeleriň üsti bilen habar berilse meseläniň çözüljegine umyt baglaýarlar.
Azatlyk Radiosy Akdepedäki harby şäherçesiniň resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Harby gullukçylaryň ýaşaýyş şerleri soňky ýyllarda has ýaramazlaşdy. Harby edaralaryndaky çeşmeler ýurduň dürli böleklerinde ýerleşýän harby şäherçeleriň köpüsindäki ýagdaýyň Akdepeden köp tapawutlanmaýandygyny aýdýarlar.
"Bekrewe harby birikme, Gyzylarbat harby birikme, Serhetabat öňki Guşgy harby birikme, Tejen şäherindäki harby birikme we Aşgabadyň Köşi ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän harby şäherçäniň harby ofiserler üçin ýaşaýyş jaýlar sowet döwründe gurlan binalar" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Onuň bellemegine görä, bu jaýlar onlarça ýyl bäri talaba laýyk bejerilmeýär.
Harby gullukçylaryň maddy üpjünçiliginiň gowşaklygy harby ugry boýunça ýokary okuwyny tamamlan ýaşlaryň milli howpsuzlyk ministrligine we içeri işler ministrligine işe girmäge ýykgyn etmegine sebäp bolýar diýip, ýene bir çeşme belleýär.
"Türkmenistanyň hökümeti maddy üpjünçiliginde Milli howpsuzlyk ministrligine, Içeri işler ministrligine we prezidentin howpsuzlyk gullugyna esasy üns berýär, Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň maliýe üpjünçiligi gözden düşürilýär" diýip, türkmenistanly harby aýdýar.
Şeýle-de, bolsa çeşmeler ozalky ýyllarda harbylar üçin käbir täze binalaryň hem gurlandygyny belläp, Bekrewe goşun galasynyň çäginde serkerdeleriň maşgalalary üçin iki sany dört gatly ýaşaýyş jaýyny we paýtagtyň 30-njy etrapçasynda esgerler üçin harby saglyk öýüni agzadylar. Şeýle-de, paýtagtyň merkezinde ýokary wezipeli serkerdeler üçin ýokary oňaýlykly ýaşaýyş jaýy gurlupdyr.
Türkmenistanyň hökümeti harbylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, şol sanda olar üçin jaý gurmak planlaryny ençeme gezek mälim edipdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň harby bölümlerinde, şol sanda Aşgabatda harbylaryň ýaşaýyş jaýlarynyň ünsden düşürilýändigi barada ençeme gezek habar beripdi.
Soňky ýyllarda harbylaryň durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagy olaryň arasynda iş taşlamak meýilleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna getirdi.
Mundan öň harby deňizçileriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýaramazlaşyp, işden çekilýän harbylaryň sanynyň köpelmegi barada habar berlipdi. Geçen ýylyň aýagynda diňe iki aýa golaý döwürde 80 töweregi deňizçi harby serkerdäniň öz islegleri boýunça işden çykandygy Azatlyk Radiosyna mälim boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
