Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Türkmenistan Eýran bilen serhedindäki çäklendirmeleri gowşadyp başlady

0
Eýranda hökümete garşy protestleriň zorlukly basylyp ýatyrylmagynyň we munuň on müňlerçe eýranlynyň öldürilmegine getirmeginiň arasynda, türkmen häkimiýetleri özüniň goňşusy bilen arasyndaky gümrük nokatlarynda serhet çäklendirmelerini gowşadyp başlady.
Muňa laýyklykda, saglygyna seretdirmek üçin Eýrana barýan türkmenistanlylaryň we ýük ulaglaryň türkmen-eýran serhet geçelgelerinden geçirilişi gaýtadan dikeldildi. Şol bir wagtda, türkmen telekeçileriniň Eýrana sapar etmegine garşy çäklendirme heniz-de saklanyp galýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“Ýanwaryň başynda serhetler berkedilip, gümrük nokatlary kadaly işlemedi. Hat-da Eýran serhediniň ýapylan günleri hem boldy. Serhetde ýaragly esgerleriň sany hem köpeldildi. Häzir çäklendirmeler birneme gowşap başlady. Ýöne bu ýerdäki güýç gulluklarynyň sany köp bolmagynda galýar. Ýanwaryň başynda togtan ýolagçy we ýük akymy häzir birneme gowulaşsa-da, ol ujypsyz bolmagynda galýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýatlatsak, Türkmenistan Eýranda 2025-nji ýylyň aýagynda başlan hökümete garşy köpçülikleýin protestleriň fonunda, özüniň bu ýurt bilen arasyndaky serhet geçelgeleriniň işini çäklendiripdi. Şeýle-de, ýurduň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk güýçlendirilip, Internet üpjünçiligi çäklendirilipdi.
Telekeçileriň we türkmenistanlylaryň ençemesi serhet geçelgelerinde ýolagçy we ýük akymynyň heniz-de çäkli bolmagynyň sebäbini serhetden diňe saglygyna seretdirmek üçin Eýrana barýan türkmenistanlylaryň we ýük ulaglaryň geçirilýändigi bilen düşündirýär.
"Ýolagçylar soraga çekilýär"“Serhedi geçjek bolýan adamlar şol ýerde soraga çekilýär, ýagny olardan näme sebäpden Eýrana barýandygy soralýar. Şeýle-de, olardan näsagdygy baradaky ýörite lukmançylyk sprawkasyny, kepilnamany talap edýärler. Eger eliňde kepilnama bolmasa, serhet geçelgesindäki türkmen migrasiýa işgärleri Eýrana geçirmeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Köp telekeçi çäklendirmäni böwsüp geçmek üçin öz ýaşaýan ýerindäki lukmançylyk edaralaryndan ýarawsyzdygy we saglygyna seretdirmek üçin Eýrana barýandygy baradaky kepilnamany alýar.
“Bu kepilnamany düzedip berýän ýörite araçylar hem bar. Käbir telekeçiler serhetdäki migrasiýa gullugynyň işgärlerine $100-200 berip, serhetden geçýärler. Sebäbi Aşgabatda Eýran wizasyny alan telekeçileri hem, serhetdäki türkmen migrasiýa işgärleri dürli bahanalar bilen ýa-da diňe ‘bolanok’ diýip jogap bermek bilen, serhetden geçirmeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, ol telekeçileriň köpüsiniň ýurda dolananda türkmen serhet geçelgesindäki gümrük işgärlerine öz getirýän harytlaryndan ýa-da nagt pul bermäge mejbur bolýandygyny hem belleýär.
“Haryt ýa-da pul bermedikleri serhetde dürli bahanalar bilen ençeme sagatlap saklap bilýärler” diýip, telekeçi aýtdy.
Bu aralykda, serhet gullugyndaky çeşmelerimiz türkmen-eýran serhet geçelgelerinde çäklendirmeler birneme gowşan hem bolsa, ýagdaýyň islendik wagt üýtgäp biljekdigini aýdyp, Aşgabatdan serhedi ýapmak barada islendik sagatda buýruk gelmek ähtimallygynyň bardygyny belleýärler.
“Häzir häkimiýetler Eýrandaky ýagdaýlary üns merkezinde saklaýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Bu aralykda, ýurduň Eýran bilen serhedine golaý etraplarynda ýanwar aýynyň başyndan bäri dowam edýän güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleri häzirki wagtda hem bölekleýin saklanyp galýar.
"Güýçlendirilen barlaglar saklanyp galýar"“Sarahs, Kaka, Etrek etraplarynda polisiýa işgärleri ýollarda öňkülerden gaty kän. Ýollarda ýol polisiýasy tarapyndan güýçlendirilen barlaglar saklanyp galýar. Ýük maşynlary duruzyp barlaýarlar. Has hem konteýnerli awtoulaglaryň konteýnerini açyp barlap duranlaryna ýolda köp gabat gelse bolýar. Şol bir wagtda, Internet üzňeligi eýýäm birneme gowşady” diýip, ýagdaýlardan habarly kakaly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 4-nji fewralda ýurduň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistan bilen umumy serhediniň uzynlygy 1148 kilometre barabar bolan Eýranyň arasyndaky esasy gümrük nokatlary Ahal we Balkan welaýatlarynda ýerleşip, olar halkara ýük we ýolagçy gatnawlary üçin niýetlenendir. Olar Artyk (Ahal) - Lütfabad (Eýran), Howdan (Ahal) - Bajygyran (Eýran), Sarahs (Ahal) - Sarahs (Eýran) we Etrek (Balkan) - Inçeburun (Eýran) nokatlarydyr.
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygynyň möçberi barada aç-açan maglumatlar elýeterli däl. Ýöne ýerli synçylaryň ençemesi türkmen bazarlarynyň Eýranyň harytlaryna, şol sanda gök-bakja, konditer, egin-eşik, gurluşyk we beýleki önümlere ep-esli garaşlydygyny aýdyp gelýär.
“Türkmen häkimiýetleri bulara alternatiw tapyp bilenok. Bu hem öz gezeginde, bu ýurtda uruş turan ýagdaýynda bu önümleriň öweziniň nireden doljakdygy barada türkmen jemgyýetçiliginde tolgunma we howsala döredýär” diýip, ýagdaýlara syn edýän ahally synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar. Şeýle-de, resmiler iki ýurduň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygy we ýolagçy gatnawy hakyndaky statistikany hem ilat köpçüligine mälim etmeýärler.
Bellesek, türkmen häkimiýetleri goňşy ýurtdaky köpçülikleýin protestler we onuň häkimiýetler tarapyndan zorlukly basylyp ýatyrylmagy barada haýsydyr bir reaksiýa bildirip, häzire çenli hiç hili beýanat ýaýratmadylar. Bu barada ýurduň resmi metbugatynda we hökümete tarapdar neşirlerde hem hiç hili maglumat berilmeýär.
Ýöne goňşy ýurtdaky protestleriň arasynda, 12-nji ýanwarda türkmen daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşdy. Türkmen DIM-niň web sahypasynda çap edilen maglumatda Eýrandaky köpçülikleýin protestler barada kelam agyz söz aýdylmady.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *