Türkiýede ýiten türkmen bloggerleriniň işi Edirne prokuraturasyna gaýtaryldy
Türkiýede ýiten türkmen bloggerleriniň işi gaýtadan seretmek üçin Edirne şäheriniň prokuraturasyna gaýtaryldy diýip, adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy 3-nji martda habar berdi.
Alişer Sahatow bilen Abdylla Orusowyň aklawçysy Daşary ýurt raýatlary üçin wagtlaýyn tussaglyk merkezinde we onuň töwereginde ýerleşýän wideogözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny, şeýle-de, bu wakanyň bolan ýerindäki kameralaryň ýazgylaryny almak üçin Edirne şäher prokuraturasyna ýene-de bir gezek arza berdi.
Sinop prokuraturasy şu ýylyň ýanwar aýynda Alişer Sahatowyň aýaly Gulala Hasanowa A. Sahatow nilen A. Orusowa garşy gozgalan işiň Edirne şäherindäki degişli edaralara gaýtarylandygyny habar berdi. Mundan öň, Ankaradaky ýokary edaranyň buýrugyna laýyklykda, Sinop polisiýa bölüminde A. Sahatowyň maşgala agzalaryndan DNK nusgalary alnypdy diýip, Türkmen Helsinki gaznasy belleýär.
Adam hukuklary guramasy mundan öň Edirne şäher prokuraturasynyň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda A. Sahatov bilen A. Orusowyň işleriniň, gaýtadan seredilmegi üçin, Sinop şäher prokuraturasyna iberilmegini buýurandygyny habar berdi.
Şeýle-de, buýrukda iki adamyň hem KIHBI maglumat bazasynda 2025-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri ýiten hökmünde hasaba alnandygy we Sinop jemgyýetçilik howpsuzlygy müdirligi tarapyndan gözlenýändigi aýdylýar.
Şol bir wagtda, Alişer Sahatowyň kakasy Aşgabada baryp, ogluny tapmakda kömek sorap, Türkmenistanyň prezidentine ýüz tutdy diýip, THG ýazýar.
Türkmen bloggerleri Alişer Sahatov we Abdylla Orusow Türkiýäniň Edirne şäherindäki deportasiýa merkezinden boşadylandan soň ýitirim boldular.
Bu waka türkmen häkimiýetleriniň sosial mediada başgaça pikirlerini aýdýan türkmen raýatlaryna garşy alyp barýan repressiw çäreleriniň arasyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
