Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Rubio Eýrana garşy zarbalary gorap çykyş etdi, “iň agyr urgular öňde” diýip duýdurdy

0

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Waşingtonyň Eýran nyşanalaryna zarba urmak baradaky kararyny gorap, bu hüjümleri amerikan güýçlerini “gönümel howpdan” goramaga gönükdirilen öňüni alyş çäre hökmünde häsiýetlendirdi. Rubio şeýle hem “ABŞ-nyň harbylary tarapyndan uruljak iň agyr zarbalaryň entek öňde” durandygyny aýtdy.

“Bu ýerde anyk gönümel howp bardy” diýip, Rubio 2-nji martda Waşingtonda žurnalistlere aýtdy. Rubio kanun çykaryjylara ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen brifingden öň çykyş edip, zarbalaryň hem “gönümel howpa” jogap hökmünde, hem-de öňüni alyş çäre hökmünde görülendigini belledi.

“Biz Ysraýylyň hereket etjekdigini bilýärdik. Şeýle ädimiň amerikan güýçlerine garşy hüjümleri tutaşdyrjakdygyny hem bilýärdik” diýip, Rubio aýtdy. “Eger olar hüjüme başlamazdan öň biz olara garşy öňünden hereket etmedik bolsak, pidalar has köp bolardy. Muny etmeli bolduk, ýagdaý nähili bolanda-da”.

Rubionyň beýanatyna jogap hökmünde, Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi 3-nji martda döwlet sekretarynyň sözleriniň ABŞ-nyň “Ysraýylyň haýryna meýletin urşa girendigini” görkezýändigini aýtdy.

ABŞ we Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy giň gerimli hüjüme başlap, resmileriň aýtmagyna görä, raketa meýdançalaryny we harby infrastruktura nyşanalaryny urdy. Bu zarbalar Waşington bilen Tähranyň arasynda soňky ýyllaryň iň göni garşylaşmalarynyň birine öwrülip, sebitde dartgynlygyň ýitileşmegine itergi berdi.

Eýran jogap hökmünde Pars aýlagyndaky birnäçe döwletde ýerleşýän ABŞ bazalaryna raketalary atdy. Bu bolsa garşydaşlygy diňe Ysraýyl-Eýran çäklerinden çykaryp, has giň möçberli sebit urşy baradaky aladalary artdyrdy. ABŞ-nyň harby resmileri amerikan howa goranyş ulgamlarynyň gelýän hüjüm nyşanalarynyň köpüsini saklandygyny aýtdylar, ýöne käbir bazalarda zeper we pidalar barada habar berildi.

Prezident Donald Tramp hem mundan nobatdaky çäreleriň bolup biljekdigine yşarat etdi. ABŞ metbugatyna beren beýanatynda ol öňde “uly tolkun” görnüşindäki täze hüjümleriň bardygyny aýdyp, dynç günündäki zarbalaryň Eýranyň harby mümkinçiliklerini peseltmäge gönükdirilen dowamly kampaniýanyň diňe başlangyjy bolup biljekdigini belledi.

Uly Berdimuhamedow Eýranyň prezidentine gynanç bildirdiBu aralykda, 2-nji martda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Aýatolla Ali Hameneýiniň ölümi bilen bagalylykda “Türkmenistanyň halkynyň adyndan” gynanç bildirdi.

Habarda goňşy ýurduň lideriniň "biwagt aradan çykandygy" ýaňzydylyp, beýleki jikme-jiklikler agzalmaýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtdaky wakalar barada häzire çenli hiç bir beýanat etmedi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2-nji martda metbugat serişdeleri üçin maglumat çap edip, soňky ýagdaýlar bilen baglylykda “aladalanma” bildirdi.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Eýrana 28-nji fewralda ABŞ we Ysraýyl güýçleri tarapyndan urlan zarbalar we şondan bäri Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bolup geçýän wakalar agzalmady.

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär” diýip, daşary syýasat edarasynyň çap eden maglumatynda aýdyldy.

Türkmenistanyň döwletiň berk gözegçiligindäki mediasy goňşy ýurtda dowam edýän uruş barada ilata maglumat bermeýär.

Şol bir wagtda, Aşgabadyň etegindäki Eýran serhedine ýakyn sebitleriň, şol sanda Bagyr, Ýanbaş we Gökje toplumlarynyň ýaşaýjylary alyslardan nyşana degýän zarbalaryň sesleriniň özlerine çenli gelip ýetýändigini, bu sebäpli howsala düşýändiklerini aýtdylar.

Mundan başga, Azatlygyň ýurduň tas ähli sebitindäki habarçylary, Türkmenistanyň Eýran bilen gury ýer serhetlerini ýapmagynyň yzy bilen, ol ýurtdan ozal köpçülikleýin getirilen azyk we hojalyk önümleriniň bahalarynyň dowamly gymmatlaýandygyny aýdýarlar.

“Bahalar her gün däl, her sagat üýtgeýär, onda-da birden esseläp galýar. Iň ýönekeý kartoşka 9 manatdan 20 manat boldy, 6 manatlyk sogan 15-e çenli galdy. Eýrandan getirilýän towuk etiniň 1 kilogramy öň 40 manat bolan bolsa, häzir 90 manat. Diňe azyk däl, sanasaň sogaby bar. 5 litr eýran antifrizi 90 manatdan 160-a gymmatlady, 200 manatlyk 4 litr mator ýagy 320 manada çykdy” diýip, balkanabatly söhbetdeşimiz 3-nji mart irdenki ýagdaýlary beýan etdi.

Bu ýagdaýlary Azatlygyň beýleki sebitindäki habarçylary we çeşmeleri hem tassyklap, ilatyň arasynda häkimiýetleriň ‘çäre görmegiň deregine, dymmagy’ bilen baglylykda nägilelikleriň artýandygyna ünsi çekdiler.

“Türkmenistan 35 ýylda ne azyk, ne beýleki awtomobil senagatyndan başlap gurluşuk harytlaryna çenli garaşsyzlygyny alyp bildi. Halkyň puluny diňe heýkellere we bir adamyň kultuny beýgeldýän kitaplara, şäherlerdäki portretlere, şygarlara harçlap geldiler. Bu hem ýetmeýän ýaly, aziada ýapyk binalardaky oýunlar üçin olimpik şäherçesini gurmagy, Arkadag şäheri ýaly netijesiz, peýda getirmeýän desgalara pul harçlamagy, azyk taýdan goňuşularymyza garaşly bolmagymyza getirdi. Boş şäheri, boş stadionlary, manysyz kitaplary halk iýip bilenok” diýip, ahally bir bilim işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gury ýer serhediniň uzynlygy takmynan 1 müň 148 kilometr bolup, olar Hazar deňzinde hem özara çäklendirilmedik deňiz serhedini paýlaşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *