Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Tramp Eýran barada: "Olar gepleşik geçirmek isleýärler. Men "Gaty giç" diýdim"

0

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eýran ýolbaşçylary üçin ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň eýýäm "giç" bolandygyny öňe sürýär.

Ol bu barada Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýrandaky nyşanalara zarba urýan operasiýasynyň dördünji gününde, “TruthSocial” sosial media platformasynda ýazdy.

Operasiýanyň ilkinji gününde Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi we başga-da birnäçe lider öldürildi.

"Olaryň howa goranyş güýçleri, ВВС, deňiz güýçleri we ýolbaşçylygy indi ýok. Olar gepleşik geçirmek isleýärler. Men "Gaty giç!" diýdim" diýip, Tramp "Washington Post" gazetinde bu operasiýa barada çap edilen makalany paýlaşanda teswir hökmünde ýazdy.

Tramp ozal eýran ýolbaşçylygynyň diri galan agzalarynyň gepleşiklere taýýarlyk yşaratlaryny görkezýändiklerini we şeýle gepleşikleriň mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny aýdypdy.

Ol ABŞ-nyň esasy maksatlarynyň Eýrany ýadro ýaraglaryny öndürmek ukybyndan, raketa maksatnamasyndan, sebitdäki ýaragly toparlary goldamak mümkinçiliginden mahrum etmek bolup durýandygyny aýtdy.

Ysraýyl we ABŞ hüjümlerinde ýetirilendigi tassyklanan zyýana garamazdan, Eýran Ysraýyla we sebitiň beýleki birnäçe ýurduna, şol sanda BAE we Saud Arabystanyna garşy raketa we dron hüjümlerini dowam etdirýär.

Eýranyň hüjümlerinde alty amerikan esgeri öldi we sebitde asuda ilatdan pidalaryň bardygy aýdylýar. Gyzyl Ýarymaý guramasynyň maglumatlaryna görä, Eýranyň özünde takmynan 800 adam öldi.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *