Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6 7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi Eýranyň “Şahid Bahman Bagheri” gämisiniň urlandygyny aýdýar

0

ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesi (CENTCOM) Eýranyň “Şahid Bahman Bagheri” atly pilotsyz uçar daşaýjy gämisiniň urlandygyny aýdýar.

CENTCOM-yň serkerdesi, admiral Bred Kuper 5-nji mart agşamy geçirilen metbugat ýygnagynda ABŞ güýçleriniň soňky sagatlarda Eýranyň pilotsyz uçar daşaýan gämisine, "Ikinji jahan urşy döwrüniň uçar dsaşaýan gämisiniň ululygyndaky gämä" zarba urandygyny aýtdy. "Häzir ol ýanýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Die Welt” neşiriniň bellmegine görä, “Şahid Bahman Bagheri” dünýäde dron daşamak üçin ýöriteleşdirilen ilkinji gämi bolupdyr. Öň “Perarin” atly konteýner daşaýjy bolan gäminiň uzynlygy 240 metr, ini 32 metr bolup, onuň iň ýokary tizliginiň 20-22 uzel, sagatda 40 km çemesi bolandygy aýdylýar.

Gämi Yslam rewolýusiýasyny goraýjylar korpusynyň 1997-nji ýylda Yrakda wepat bolan serkerdesi Bahman Bagheriniň adyny göterýär we 2025-nji ýylyň başynda işe girizildi.

Eger gämi batsa, ol Ikinji jahan urşundan bäri batyrylan iň uly harby gämi bolar.

German neşiriniň maglumatyna görä, Eýranyň dron daşaýjy gämisiniň suw göwrümi takmynan 42,000 tonna.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *