Belarus ene 18 syýasy tussagyň günäsini geçdi
Aleksandr Lukaşenko 18 tussagyň günäsini geçdi, olaryň 15-si "ekstremizm" aýyplamalary esasynda günäli tapylypdy diýip, Belarus lideriniň metbugat gullugyna ýakyn telegram kanaly habar berdi.
Neşir günäsi geçilenleriň adyny aýtmaýar. Olaryň arasynda iki är-aýalyň hem bardygy aýdylýar.
Jemi 11 aýalyň günäsi geçildi, olaryň altysynyň çagasy bar, ýene biri bolsa göwreliligiň soňky tapgyrlarynda. Telegram kanalynyň maglumatyna görä, günäsi geçilen aýallaryň hemmesi öz günälerini boýun aldy.
Dekabr aýynyň ahyrynda Lukaşenko 22 adamyň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi, olaryň köpüsi "ekstremist" aýyplamalarynda aýyplanyp, günäli tapylypdy. Şonda olaryň arasynda 15 aýalyň, ýedi erkegiň we kämillik ýaşyna ýetmedik 11 çaganyň bardygy aýdylypdy.
“Viasna” adam hukuklary merkeziniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Belarusda 569 syýasy tussagyň günäsi geçildi.
Belarus häkimiýetleri 2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda, ABŞ-nyň “Belaruskali” kompaniýasyna garşy sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň deregine, Lukaşenko režimine garşy çykan syýasy tussaglaryň iň uly toparyny, 123 adamy tussaglykdan boşatdy.
