Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6 7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Tramp Eýranyň indiki ýokary liderini saýlamaga gatnaşmak isleýändigini aýtdy

0

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Axios” bilen söhbetdeşlikde özüniň Eýranyň indiki ýokary liderini saýlamak işine gatnaşmak isleýändigini aýtdy.

Trampyň sözlerine görä, merhum aýatolla Ali Hameneýiň iň ähtimal mirasdüşeri onuň ogly Mojtaba Hameneýi diýlip bilinýär. Emma muňa garamazdan, amerikan prezidenti özüniň bu warianty kabul ederlik hasaplamaýandygyny ýaňzytdy.

"Hameneýiň ogly meniň üçin kabul ederliksiz.Bize Eýrana ylalaşyk we parahatçylyk getirjek adam gerek" diýip, Tramp aýtdy.

Ol Ali Hameneýiň syýasy ugruny dowam etdirjek adamyň lider bellenmegini goldamaýandygyny hem sözüne goşdy. "Wenesuelada Delsi [Rodriges] bellenende bolşy ýaly, men bu bellenişe gatnaşmaly" diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtda, “Axios” ABŞ-nyň uruş sekretary Pit Hegsetiň we beýleki amerikan resmileriniň Eýrana garşy operasiýanyň režimi üýtgetmäge gönükdirilendigini inkär edýändigini belleýär. Olaryň sözlerine görä, Waşingtonyň maksady ýurduň raketa mümkinçiliklerini, ýadro programmasyny we deňiz güýçlerini gowşatmakdan ybarat.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *