Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Prezident amnistiýasy kanun goraýjylar üçin 'girdejili biznese öwrüldi'

0
Däp bolşy ýaly, Türkmenistanda Oraza aýynyň ahyrky günlerinde, Gadyr gijesi mynasybetli nobatdaky günä geçişiň yglan edilmegine garaşylýar. Bu däp türkmen türmelerinde 1990-njy ýyllaryň başynda, iş kesilýän raýatlaryň öňki ýyllardakysyna garanda aşa köpelmegi we tussaglara ýer ýetmezligi esasynda döräpdi.
Azatlygyň çeşmesiniň şu gün, 11-nji martda beren maglumatyna görä, bu ýylyň Gadyr gijesi mynasybetli 400-e golaý bendiniň möhletinden öň türmeden boşadylmagyna garaşylýar.
Iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek baradaky ýörite topar şu ýyl Oraza aýynda günäsi geçilmeli bendileriň 4 ýüze golaýynyň sanawyny düzüp, teklip hökmünde, prezidentiň garamagyna hödürläpdir, bu maglumat günäsi geçiljek tussaglaryň maşgala agzalary bilen ikiçäk gürleşilende aýdylypdyr, emma ony resmi taýdan tassyklatmak ýa inkär etdirmek mümkinçiligi ýok diýip, habarçymyz ýazdy.


Garyndaşlary azatlyga çykar öýdülýän raýatlaryň azyndan ikisiniň tassyklamagyna görä, kanun esasynda günä geçişlere gabat gelýän bendileriň maşgalalaryndan, iş kesileniň türmede oturmaly ýylyna we aýyplanan jenaýat kodeksiniň bentlerine laýyklykda, bendileriň ýakynlaryndan para aldylar.
Tussag maşgalalary bilen edilýän 'gizlin, belli' söwdaUly baýramçylyklara gabat yglan edilýän günä geçişliklerden öň möhletinden öň azatlyga çykmak mümkinçiligi bolan tussaglaryň maşgalasy bilen edilýän ‘gizlin söwda’ barada Azatlyga mundan öňki ýyllarda hem maglumat berlipdi. Ýöne ol maglumatlary, para beren raýatlaryň köplenç dymmak kararyna gelmegi, häkimiýetleriň hiç bir düşündiriş bermezligi bilen baglylykda, anyk delil hökmünde görkezip bolmaýar.
Balkanyň Magtymguly etrabynda, serhede golaý ýerde neşe gaçakçylygy bilen meşgullanmakda aýyplanan we jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýatyň (ady redaksiýada bar) ýakyn garyndaşynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, prezidentiň Gadyr gijesine gabat yglan edýän günä geçişleri hem açgöz resmileriň ‘gazanç çeşmesine öwrüldi’.
“Indi prezidentiň günä geçiş amnistiýasy hem doly para bilen çözülýän boldy. Her etrapda kazyýetleriň, prokuraturanyň we MHM-niň jogapkär işgärlerine bir bendini, umumy kadalaryň çäginde, günä geçiş sanawyna goşmak rugsady ‘paýok görnüşinde berilýär’ diýip gürrüň edilýär. Olar ynamly we pully adamlary tapyp, tussagyň adyny türmeden boşadyp boljak bendileriň sanawyna nobatdaky günä geçişiň 6, 3 aý öňünden goşdurýarlar. Hossarynyň boşajagyna begenýän adamlar ‘sanawa goşdurýas’ diýip, pul jemlemek üçin kömek soranlarynda, ynanýan adamlaryna açyk aýdýarlar. Muny hiç kim geň görenok, sebäbi birwagtdan bäri bilinýär” diýip, Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy aýtdy.
Azatlygyň habarçysy birnäçe raýat bilen aýry-aýrylykda gürleşip, günä geçiş sanawyna düşjek adamlaryň berýän paralarynyň möçberlerini öwrenmäge çalyşdy.
"5 ýyl tussaglygy galan bendi $30 para bermeli"Aýdylmagyna görä, 15 ýyl iş kesilen raýatlaryň 5 ýyly galan bolsa, günä geçişe düşmek üçin 30 müň amerikan dollary möçberinde para bermeli; eger-de bendiniň boşamagyna 2 ýyl galan bolsa, ol 10 müň ABŞ dollary bilen azatlyga çykyp bilýär.


Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, ownuk dawalar, kiçiräk ogurlyk-beýleki bilen aýyplanan raýatlar hem, iş kesilen bolsa, para bermeseler, doly jezasyny çekmeli bolýar.
“Agyr jenaýat edip, berlen jezanyň üçden iki bölegini çeken tussaglaryň, para beren ýagdaýynda, azatlyga çykmak mümkinçiligi bar. Para bermek mümkinçiligi ýok adamlar türme möhletini doly oturyp geçirmeli” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý halk arasynda prezident günä geçişlerine, kanunlara bolan ynamsyzlygy artdyrdy, “hatda halkda ynam ýok” diýilse-de bolar.
Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri haýsy bendileriň ýakynlaryndan pul alyp boljakdygyny gowy bilýärler, olar bilen aragatnaşykda bolup, düzgüne gabat gelen wagtynda gürleşip, soralýan puly alyp, günä geçişlik sanawyna goşdurýarlar.
Bir söhbetdeşimiz hukuk goraýjy işgärleriň türmeden para bilen boşan bendilere soň durmuşda hem goldaw berýändiklerini, olar bilen köçede ‘gaty gadyrly salamlaşyp, hal-ahwal soraşýandyklaryny” gürrüň berdi.
Balkanabatly ýaşaýjy (ady redaksiýada bar) Azatlygyň habarçysyna Baýramaly türmesinde oturan hossaryny günä geçiş sanawyna goşdurandygyny, onuň Gadyr gijesinden öň öýüne gelmegine garaşýandygyny aýtdy.
“Fewral aýynyň başynda şäher MHM-siniň bir işgäri gelip, ‘agaňy şu gezekki Gadyr gije günä geçişine goşduryp berjek, häzir mümkinçilik bar, ýöne 20 müň dollar bermeli, razy bolsaň’ diýdi. Diýlen puly bir hepdäniň içinde garyndaşlarymdan ýygnap, eltip berdim” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Öňki diplomat Oraza aýyndaky parany 'sabotaž' hasaplaýarOzalky diplomat, Awstriýada ýaşaýan türkmen ýaşulusy Nurmuhemmet Hanamowyň Azatlyga telefon söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, Türkmenistanyň dünýäde iň bir korrupsiýa çümen ýurtlaryň sanawynda galmagynda ‘günä geçiş parasy’ diýilýäniň hem 'uly goşandy bar'.
Ol bu ýagdaýyň bir tarapdan prezidentiň, döwletiň abraýyny gaçyrmak üçin edilýän sabotaž bolup görünýändigini, ýogsa emeldarlaryň 'Oraza aýynda bir saklanaly, günä gazanamly' diýip biljekdigini, emma muny etmeýändiklerini belledi.


Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen raýatlar Baýramaly, Tejen we Seýdi türmelerinde jeza çekýän tussaglaryň şertleriniň “gaty agyrdygyny” aýtdylar.
Garyndaşlary türmede oturan adamlaryň tassyklamagyna görä, bu türmelerde döwlet tussaglara ne nahar berýär, ne-de näsaglan adamlary derman bilen üpjün edýär.
Tussaglaryň ýagdaýlaryny kynlaşdyryp, ugran ugrunda para bermäge mejbur etmek, olaryň hossarlaryny pul jemläp, tussagy günä geçiş sanawyna goşdurar ýaly etmek üçin, her dürli kösençlikleri, emeli päsgelçilikleri döredýärler, gynamalar, býrokratik böwetler bilen türmäni hem para almak üçin ulanýarlar diýip, ýerli synçy bu ýagdaýyň indi otuz ýyl bäri dowam edýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda türmede bolmak 5 ýyldyzly myhmanhanada bolanyňdan gymmat düşýär, ähli zady satyn almaly, hatda suwa düşmek, hajathanany ulanmak hem pully, krowat, oturgyç, naharhanada gaz plita ulanmak hem tölegli, has anygy, türkmen türmeleri bir topar adam üçin girdejili biznese öwürdi diýip, ýagdaýy gowy içinden öwrenen synçy aýtdy.
Azatlygyň habarçylary türme şertleri, günä geçiş korrupsiýasy barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *