Marynyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär, töleg terminallary işlemeýär
Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi gaýtadan ýitileşdi. Munuň bilen bir wagtda, söwda nokatlarynyň tas ählisinde töleg terminallary hem işlemeýär. Bu ýagdaý, indi bir hepde bäri aýlyklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän köp raýatda nägilelik döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji martda sebitden maglumat berdi.
“Häzir nagt pul çekmekçi bolsaň, bankomatlarda nagt pul tapdyrmaýar. Olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary bolup, bankomatlardaky nagt pul dessine gutarýar. Ir säher bilen bankomadyň öňünde nobata duran adamlaryň diňe 10-15 sanysyna pul ýetýär” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, Türkmenistanda bankomatlar raýatlaryň aýlyklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmagynyň ýeke-täk usuly bolmagynda galýar. Indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri raýatlar öz bank kartlaryna geçirilen pullardan diňe bankomatlarda nagtlaşdyrmak ýa-da töleg terminallaryndan töleg geçirmek arkaly peýdalanyp bilýärler.
Ýöne Maryda bankomatlarda pul tapdyrmaýan mahaly, sebitiň söwda nokatlarynyň aglabasynda töleg terminallary hem işlemeýär. Bu bolsa, raýatlaryň gününi has-da kynlaşdyryp, hatda zerur bolan gündelik azyk önümlerini satyn almak mümkinçiligini hem çäklendirýär.
"Elleri boş çykyp gaýdýarlar"“Häzir islendik markete, dükana baryp, plastik aýlyk kartymdan söwda etjek diýip aýtsaň, ‘kartdan söwda edip bolanok, sebäbi terminal işlänok’ diýip bahana edýärler. Adamlar aýlyklarymyz geçdi, çagalara, hojalyga azyk satyn alaýyn diýip, islendik marketlerden saýlap-seçip alan harytlaryny kassa baranlarynda, plastik kartdan söwda edip bolmaýandygyny bilip galýarlar we alanja harytlaryny yzyna goýup, elleri boş çykyp gaýdýarlar” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar bank kartlaryndan töleg terminallary arkaly söwda edip bolmaýandygyny bilensoň, bialaç ýene nagt puluň gözleginde bankomatlaryň daşyna üýşýärler.
Ýöne bularda hem nagt pul tapdyrmaýandygy sebäpli, bu ýagdaýlar indi bir hepde bäri aýlyklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän köp raýatda nägilelik döredýär.
“Şu plastik karty ulanyp başlanymyzdan bäri diňe kynçylyk başdan geçirýäris. Biz işden boş wagtymyz öýde çagalaryň arasynda däl-de, uzakly günümizi bankomatlaryň öňünde geçirýäris. Her gün nagt pul salynsa ilkinji bolup alsam diýip ir salkyn öýden çykdym, emma her gezeginde pul ýetmeýär we indi bir hepde bäri pul nagtlaşdyryp bilemok. Her gün tanyş azyk satýan dükanyma baryp, azyk ýazdyryp almaly bolýaryn. Döwlet plastik karty aýryp, öňküler ýaly aýlyk haklarymyzy kassirden almaly etmeli” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.
"Nagt manat ýiti ýetmezçilik edýär"Ýaşaýjylaryň ençemesi bank şahamçalaryna şikaýat bilen ýüzlenýändiklerini, banklaryň kassalaryndaky işgärleriň özlerine “nagt pul ýok, nagt manat ýiti ýetmezçilik edýär” diýip, dilden jogap berýändigini aýdýar.
Habarçymyz häzirki wagtda raýatlaryň bank kartlary arkaly diňe ýangyç beketlerinde, käbir dermanhanalarda we ýol polisiýasynyň jerime tölegini alýan kassalarynda töleg geçirip bilýändigini aýdýar.
“Bank kartlary häzir bulardan başga zada ýaramaýar. Hatda tebigy gaz, agyz suw, elektrik tok we beýleki kommunal tölegleri hem plastik kartdan töläp bolmaýar. Bu tölegleri almana gelýän döwlet edaralarynyň işgärleri “bizde töleg terminaly ýok, nagt töleg alýarys” diýip aýdýarlar” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda maliýe edarasyndan teswir almak synanyşyklary başa barmady.
Ýurduň maliýe pudagyndaky sanly ulgamyň kämilleşdirilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri hem bu ýagdaýlar barada düşündiriş ýa-da maglumat bermeýärler.
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň arasynda, hususan-da, soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Munuň bilen bir wagtda, ýurtda nagt bolmadyk tölegleri amal etmek üçin zerur bolan töleg terminallary hem köplenç işlemeýär. Bu ýagdaýlar, raýatlaryň bank kartlaryna geçirilen aýlyklaryndan, pensiýalaryndan, döwlet kömek pullaryndan ençeme hepdeläp peýdalanyp bilmezligine, gündelik azyk we hatda derman zerurlyklaryny satyn alyp bilmezligine getirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
