Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Tramp: Putin Ýewropadan däl, ABŞ-dan gorkýar

0

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ýewropadan gorkmaýar; ol ABŞ-dan gorkýar. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu pikirini 16-njy martda Waşingtonda eden çykyşynda, NATO-nyň ýaranlarynyň arasyndaky düşünişmezliklere degip geçende aýtdy.

Mundan öň Tramp “Financial Times” gazetine beren interwýusynda, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýaragly çaknyşyklaryň fonunda ýaranlar Hormuz bogazynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek etmese, NATO-nyň geljeginiň “örän garaňky” bolup biljekdigini aýtdy. Tramp Britaniýany, Fransiýany we beýleki birnäçe Ýewropa ýurduny, şeýle-de Hytaýy, Ýaponiýany we Günorta Koreýany dünýä nebitiniň takmynan bäşden bir böleginiň geçýän bogazyny açmak üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy. Emma muňa garamazdan, NATO-nyň agza ýurtlarynyň birnäçesi ABŞ-nyň prezidentiniň çagyryşyny iş ýüzünde ret etdi.

NATO-nyň geljegi barada gürrüň edip, Tramp şeýle diýdi: "NATO – bu biz" (ýagny ABŞ). "Putinden soraň. Putin bizden gorkýar. Ol gorkmaýar, ol Ýewropadan asla gorkmaýar. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan we meniň ilkinji möhletimde guran goşunymdan gorkýar" diýip, prezident nygtady.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *