Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmen studenti bäbegini Almaty şäherindäki bäbekhanada taşlajak boldy

0

Türkmenistanly student täze doglan oglundan ýüz öwrüp, ony Almaty şäherindäki çaga dogrulýan öýde taşlamaga synanyşdy. NUR.KZ bu habary Maşgala goldawy merkezine salgylanyp habar berdi.

Merkeziň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Akmoljan Zaripowyň sözlerine görä, olara Çagalar öýünden jaň edip, Almaty uniwersitetinde okaýan türkmen raýatynyň täze doglan ogluny çaga dogrulýan öýde taşlap gidendigini aýdypdyrlar.

Gyz öz hereketlerini maliýe kynçylyklary we garyndaşlarynyň agressiw hereketlerinden howatyrlanmagy bilen düşündiripdir.

Habarda çagasyndan ýüz öwren zenan bilen ene-ata we çaganyň arasyndaky gatnaşygy dikeltmek üçin psihologik maslahat çäresiniň geçirilendigi, şondan soň onuň ogluny taşlamazlyk kararyna gelendigi aýdylýar.















Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *