Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Buharestde polisiýa bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykda ýüzlerçe adam ejir çekdi

0
Rumyn paýtagty Buharestde korrupsiýa garşy protestçiler bilen pitnä garşy polisiýanyň arasynda bolan çaknyşykda ýüzlerçe adam ejir çekdi.


Polisiýa şäheriň esasy skwerinde umuman parahatçylykly protest bildirýän on müňlerçe adamy dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy.


10-njy awgustda rumyn şäherleriniň köçelerinde 100 müň çemesi adamyň toplanmagyna alyp gelen protestler soňlanyp barýarka zorluga ýazdy we merkez-sagçy prezident Klaus Iohannispolisiýany “aşa artyk güýç ulanmakda” aýyplap, täze hökümeti ýazgaryp çykyş etdi. 


"Men pitnä garşy polisiýanyň gazaply goşulyşmasyny berk ýazgarýaryn, bu meýdançadaky adamlaryň köpçüliginiň hereketlerine düýpden gabat gelmeýär” diýip, ol feýsbukda ýazdy.


"Içeri işler ministrligi bu gije bolan wakalara näme sebäpden beýle çemeleşendigini gyssagly düşündirmeli bolar” diýip, ol aýtdy.

 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *