Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Новости за 15.08.2018

Orsýetdäki türkmen studentleri täze kynçylyklara duçar boldular

Azathabar.com 

Orsýetde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary täze kynçylyklara duçar boldular. Azatlyk Radiosynyň Orsýetdäki habarçysynyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda, hususan-da Astrahan regionynda bilim alýan türkmen ýaşlary registrasiýa almakda kynçylyga uçrapdyr, bu ýagdaý hususy jaýlarda kireýne ýaşaýanlara degişli bolupdyr. Читайте также на русском "Daşary ýurtly studentler bilen işleşýän [uniwersitetiň] halkara bölümi kireýne alnan jaýda ýaşaýanlar bilen öý eýesiniň arasynda baglaşylan şertnamany talap edýär. Читать дальше...

Berdimuhamedow Soçide Putin bilen duşuşdy

Azathabar.com 

15-nji awgustda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Soçide Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar diýip, Kremliň metbugat gullugy düýn habar berdi.

Berdimuhamedowyň ýadyna bergä batan daýhanlaryň düşewündi düşdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji awgustda nobatdaky iş maslahatyny geçirip, beýleki meseleler bilen bir hatarda, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy we Lebabyň häkimine sebitiň oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Hizballah ABŞ-nyň sanskiýalaryna garamazdan kuwwatyny saklap galýandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Liwanyň Eýran tarapyndan goldanylýan Hizballah harby topary ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan özüniň kuwwatyny saklap galýandygyny aýtdy. Mundanam başga, Siriýada prezident Başar al-Assadyň tarapynda söweşýän bu topar ýakynda bu ýurtda “ýeňişini” gutlajakdygyny hem sözüne goşdy. Hizballahyň lideri Saýýed Hassan Nasrallah telewideniýede eden çykyşynda ABŞ-nyň bu topara we Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň işlemejekdigini belledi. Hizballah 1982-nji ýylda esaslandyrylandan bäri, Eýran ony hem maliýe hem harby taýdan goldap gelýär.



Rus, türkmen liderleri “energiýa meselelerini maslahat edip bilerler”

Azathabar.com 

Rus prezidenti Wladimir Putiniň  türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirjek ikitaraplaýyn gepleşiklerinde “energiýa meselelerini hem maslahat etmegi mümkin” diýip, Kreml maglumat berýär. 15-nji awgustda Soçi şäherinde ýokary derejede rus-türkmen gepleşikleri geçirilýär. Russiýa eýýäm ençeme ýyldan bäri türkmen gazynyň importyny togtatypdy. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde Soçide geçýän duşuşyk barada maglumat agzalmaýar.

Kreml Sentsowyň ejesiniň haýyşyny ret etdi

Azathabar.com 

Kreml rus türmesinde saklanylýan ukrain režisýory Oleg Sentsowyň ejesiniň ogluny azatlyga goýbermek baradaky haýyşyny ret etdi. Ukrainanyň mediasynda Lýudmyla Sensowanyň haýyşyna Kremliň beren ýazmaça jogaby görkezildi. Jogapda rus kanunçylygyna salgylanyp “tussagyň özüniň günäsiniň geçilmegini sorap, arza bilen ýüz tutmalydygy” nygtalýar. Mundan öň, Sentsow özüniň günäsizdigini we syýasy matlaply aýyplamalar esasynda tussag edilendigini aýdyp, günäsiniň geçilmegini soramajakdygyny belläpdi.... Читать дальше...

Rus sudy inguşystanlyny terrorizm aýyplamalarynda günäli tapdy

Azathabar.com 

Rus sudy Demirgazyk Kawkazyň Inguşystan respublikasynyň bir ýaşaýjysyny terrorizm aýyplamalarynda günäli tapyp, türme tussaglygyna höküm etdi. Rostow-na-Donu regionynyň sudy Abdul-Malik Albakçiýewi Siriýada “Yslam Döwleti” ekstremistik toparynyň hatarynda söweşmekde we bikanun ýarag gaçakçylygynda günäli tapdy. Oňa dokuz ýyl türme tussaglygy berildi. Sud resmileri Albakçiýewiň 2015-nji ýylyň martynda, Siriýadan Russiýa dolanyp gelenden soň tussag edilendigini mälim etdiler. Rus resmileri onuň Siriýa hökümetine garşy söweşendigini aýtdylar. Читать дальше...

Owganystanda “Talybanyň” hüjüminde 30 esger öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazyk Baglan welaýatynda “Talyban” jeňçileriniň hüjüminde azyndan 30 esger we polisiýa işgäri öldi. Ýerli welaýat geňeşiniň başlygy jeňçileriň Balan-e Markazi şäheriniň iki barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edendiklerini mälim etdi. “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

ABŞ: özbek tussagy sakçyny öldürmek synanyşygynda günäli tapyldy

Azathabar.com 

ABŞ-da özbek terrorist toparyna ýardam bermekde aýyplanyp 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen özbek bosgunynyň tussaglyk möhletine ýene 20 ýyl goşuldy. Fazliddin Kurbanow türme sakçysyny öldürmek synanyşygynda günäli tapyldy. Prokurorlar onuň 2016-njy ýylda Kaliforniýanyň federal türmesinde emeli pyçak ýasap, sakçynyň damagyny çalmakçy bolandygyny aýtdylar. “Kurbanow özüniň etmişi üçin ökünmeýändigini, şeýle-de pidanyň janyny almakçy bolandygyny aýtdy” diýip, prokurorlar Los Anjeles şäherinde... Читать дальше...

ÝB azeri oppozisiýa lideriniň azatlyga goýberilmegini gowy garşylady

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşigi azeri resmileriniň oppozisiýa syýasatçysy Ilgar Mammadowy bäş ýyl türme tussaglygyndan soň azatlyga goýbermegini gowy garşyladylar. “Ýewropa Bileleşigi Ýewropanyň Geňeşi bilen birlikde Mammadowyň ýagdaýyny içginden yzarlady” diýip, ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherininiň metbugat wekili beýanat ýaýratdy. Oppozisiýadaky Alternatiw Respublika partiýasynyň lideri Mammadow türme tussaglygyna höküm edilenden bäş ýyl çemesi soň, ýagny 13-nji awgustda azatlyga goýberilipdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *