“Talyban” Farýap welaýatynda bir etrap merkezini basyp aldy
“Talyban” söweşijileri demirgazykdaky Farýap welaýatynyň etrap merkezini ele geçirdiler, bu jeňçiler şu welaýatdaky harby bazany basyp alanlaryndan birnäçe gün soň boldy diýip, owgan resmileri aýtdy.
Welaýat gubernatory Nakibullah Faýek Balçaragh etrabynyň “Talybanyň” eline 18-nji awgust güni giçlik, birnäçe güne çeken agyr söweşden soň geçendigini, sebäbi owgan esgerlerine goşmaça harby kömegiň gelip ýetişmändigini gürrüň berdi.
Pidalar hakynda maglumat berilmeýär.
Welaýat geňeşiniň iki agzasy hökümet güýçleriniň ýesir düşendiklerini aýtdy, ýöne olar munuň nähili bolup geçendigini dürli-dürli düşündirdi.
Polisiýa ofiserleri, esgerler we ýerli hökümet işgärleri “Talyban” tarapyndan aýlap gabawda bolup, Farýap welaýatynyň paýtagty Maýmanada ýerleşýän hökümet güýçlerinden hiç bir kömek almadylar diýip, geňeş agzasy Abdul Ahad Elbek aýtdy.
Beýleki bir geňeş agzasy Aak Mohammad Nurynyň sözlerine görä, goşun batalýony yza çekileninden soň, tire ýaşulularynyň araçylyk etmegi bilen, polisiýanyň 60 ofiseri ýesir düşdi.
“Talyban” şu aýyň başynda owgan milli goşunynyň şu welaýatyň başga bir künjeginde ýerleşýän harby bazasyny basyp aldy.