28-nji awgustda Eýranyň parlamenti ýurtda dowam edýän ykdysady krizis bilen bagly prezident Rohanini soraga çagyrdy. Maýylgan syýasaty bilen tanalýan Rohani 2013-nji ýylda wezipä girişeli bäri ilkinji gezek parlamentde soraga çekilýär. Bu ýagdaý onuň ykdysady reformalaryna garşy çykýan aşa berk syýasatyň tarapdarlarynyň ýeňşi hasaplanýar. Kanun çykaryjylar Rohanini aprel aýyndan bäri hümmeti iki esse pese gaçan riýaly goramakda hödürleýän meýilnamalary, şeýle-de ýurtda artýan işsizligiň öňüni almakda görýän çäreleri boýunça soraga çekýärler.
Onuň parlamente çagyrylmagy ýurduň ykdysadyýet ministri Masud Karbasianyň wezipeden boşadylmagynyň yzýanyna gabat gelýär. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Rohaniniň ykdysadyýete seredýän toparynyň dört agzasy wezipeden çetleşdirildi.
Parlament şu aýyň başynda Rohaniniň sosial üpjünçilik ministriniň garşysyna ses berdi, merkezi bankyň başlygy we onuň orunbasary iýul aýynda wezipeden boşadyldy. Ykdysatçylaryň aýtmagyna görä, kanun çykaryjylar Rohani bilen onuň toparyny 2015-nji ýylda iri döwletler bilen Eýranyň arasynda gol çekilen ýadro şertnamasyndan ABŞ-nyň çekilip, sanksiýalary täzeden girizmegi bilen baglylykda aýyplaýarlar. Riýalyň hümmetiniň gaçmagy, belli bir derejede, şu aýyň başynda käbir sanskiýalaryň täzeden güýje girizilmegi bilen bagly hasaplanýar. Sanksiýalaryň galan bölegi noýabr aýynda täzeden güýje girer.
Rohaniniň aşa berk syýasata tarapdarlyk edýän köp sanly tankytçylary ýadro şertnamasyna, hem-de Günbatar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna garşy çykypdy. Olar indi Rohanini wezipeden çekilmäge çagyrýarlar.
Eýranyň kanun çykaryjylarynda Rohanini häkimiýetden çetleşdirmek hukugy bar, ýöne ýokary lider Aýatollah Ali Hamaneý onuň 2021-nji ýyla çenli saýlanan möhletini tamamlamagyny makullaýar.
Более 40 тысяч семей в Москве и области получают ежемесячные выплаты из средств материнского капитала
Весь мир чипировали умом Ленина?! Раскрыта загадка Мавзолея В.И. Ленина. Проект "Святой Ленин".
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде
В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей
Выставку ко Дню медицинского работника подготовили в центрах госуслуг
Собянин: Новый корпус больницы святого Владимира планируется открыть в 2025 году
Судебная система России защитила врача «Евроонко» Екатерину Тимофееву, поддержав ее позицию в споре с некой травницей, обещающей вылечить рак с помощью фиточая
В Архангельске медики России обменялись методиками оказания офтальмологической помощи