Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Новости за 14.11.2018

Türkmenistan Ýewropa gaz ibermegiň mümkinçiliklerine seredýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça maslahatçysy Ýagşygeldi Kakaýew “Abu Dabi Halkara nebitgaz maslahatynda” (ADIPEC) eden çykyşynda Türkmenistanyň Ýewropa gaz ibermek mümkinçiliklerine seredýändigini aýtdy.

Orsýetde okaýan türkmen studentleri kartdan pul çekmekde ýene kynçylyk çekýärler

Azathabar.com 

Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentler Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan pul çekmekde ýene-de kynçylyga uçradylar.  Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly studentleriň sözlerine görä, pul çekmekdäki bökdençlikler birnäçe hepde mundan öň başlanypdyr. "Maňa ejem we kakam her aýda 500 dollar ugradýarlar. Bu häzirki kursdan 33 rubl bolýar. Mundan öň men puluň hemmesini çekýärdim. Emma bu gezek diňe 16000 rubl çekip bildim, ýene 13000 rubl galypdyr. Читать дальше...

Ýaraşyk Ysraýylda protest, Gazada şatlyk döretdi

Azathabar.com 

Ysraýylyň we Gaza zolagynyň wekilleri, müsüriň araçylyk etmegine wagtlaýyn ýaraşyk baglaşmak ylalaşygyna geldiler. Bu karar ýerli ýaşaýjylarda gapma-garşylykly reaksiýalary döretdi. Has anyk maglumatlary “Roýtersiň” reportažyndan alyp bilersiňiz.



Orsýetde türkmen bankynyň karty bilen bankomatdan pul çekip bolanok

Azathabar.com 

Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentler Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan pul çekmekde ýene-de kynçylyga uçradylar. Türkmen studenti puluny çekmek we hasabyndaky puluň möçberini barlamak boýunça synanyşyklarynyň wideo ýazgysyny Azatlyk Radiosyna ugratdy.

Azatlyk Radiosyna gowşurylan wideo - Bankomatdan pul çekip bolanok

Azathabar.com 

Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentler Türkmenistanyň banklarynyň plastik kartlaryndan pul çekmekde ýene-de kynçylyga uçradylar. Türkmen studenti puluny çekmek we hasabyndaky puluň möçberini barlamak boýunça synanyşyklarynyň wideo ýazgysyny Azatlyk Radiosyna ugratdy.

Merkel Ýewropa armiýasyny döretmäge çagyrdy

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ýewropanyň öz armiýasyny döretmäge çagyrdy. Mundan öň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem şeýle çagyryş bilen çykyş edip, ABŞ-nyň prezidentiniň gaharyny getiripdi.

Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalaryny satyn alar

Azathabar.com 

Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň uly tapgyryny satyn alar. Bu baradaky degişli karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýdy. Dokumente laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi. Resmi maglumatda munuň bilen baglylykdaky bahalar mälim edilmedi.

Perry: Russiýanyň energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanmagyna rugsat bermeli däl

Azathabar.com 

“Russiýa taryh boýunça energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanyp geldi, häzir hem ulanýar. Bu Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary üçin energiýanyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň möhümdigini aňladýar” diýip, ABŞ-nyň energiýa sekretary Rik Perry (Rick Perry) aýtdy. “Biz Kremliň energiýa serişdelerini ýarag hökmünde ulanmagyna rugsat bermeli däldiris” diýip, Perry Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçen metbugat ýygnagynda çykyş etdi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy sebitiň... Читать дальше...

Britan musulmanlary Asia Bibä başpena bermäge çagyrýarlar

Azathabar.com 

Britaniýanyň belli musulmanlary, şol sanda üç ymamy Pakistanda dine dil ýetirmek aýyplamalaryndan aklanan hristiýan aýaly Asia Bibä Britaniýada başpena bermek baradaky çagyryşlara goşuldylar. Bu baradaky çagyryş haty Britaniýanyň içeri işler ministri Sajid Jawide ýollandy. Hata parlamentiň 15 agzasy hem gol goýdy. Mundan bir hepde öň, ölüm jezasyna höküm edilen, bäş çaganyň ejesi Bibi sekiz ýyl türme tussaglygyndan soň suduň karary bilen azatlyga goýberilipdi. Pakistanyň Ýokary Sudunyň çykaran... Читать дальше...

Russiýa Dawos forumyny boýkot etjekdigi bilen haýbat atýar

Azathabar.com 

Russiýa Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçmeli Bütindünýä Ykdysady Forumyna rus tütjarlary goýberilmese, onda Moskwanyň bu abraýly çäräni boýkot etjekdigini aýtdy. “Eger-de Russiýanyň biznes wekillerine garşy kabul edilen ähli kararlar aradan aýrylmasa, onda biz döwlet resmileriniň we rus kompaniýalarynyň Dawosdaky foruma gatnaşmak planlaryny ýatyrmaly bolarys” diýip, premýer-ministr Dmitriý Medwedýew aýtdy. Dawos forumy ýanwarda geçirilip, oňa halkara syýasy we  biznes liderleri gatnaşýarlar. Читать дальше...

Täjigistanda rus harby bazasyna hüjümi planlaşdyrmakda aýyplanýanlar ele salyndy

Azathabar.com 

Täjigistanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti, ýagny KDAM Duşenbedäki rus harby bazasyna hüjümi planlaşdyrmakda şübhelenýän 12 adamyň tussag edilendigini mälim etdi. Mundan öň, täjik resmileri bu maglumatlary ret edipdiler. KDAM-yň metbugat wekili Dilşod Abdualimow mundan bir gün öň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynda peýda bolan maglumatyň dogrudygyny tassyklady. Azatlyk Radiosy, howpsuzlyk gulluklaryndaky ýakyn çeşmelerine salgylanyp, 4-nji noýabrda Duşenbedäki rus harby bazasynyň golaýynda... Читать дальше...

Makedoniýa Gruýewskiniň Wengriýada tussag edilmegini gazanjak bolýar

Azathabar.com 

Makedoniýanyň Içeri işler ministrligi ýurduň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň tussag edilmegi boýunça çykaryljak halkara orderiniň, ýagny buýruk hatynyň esasynda onuň ele salynmagyny gazanjak bolýar. Mundan öň, Makedoniýanyň sudy Gruýewskini korrupsiýa aýyplamalarynda günäli tapyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Munuň yzy bilen ozalky premýer-ministr Wengriýa aşypdy. Polisiýa paýtagt Skopýede Gruýewskini gözleýän pursady, ol özüniň Facebook hasabynda häzirki pursat Budapeştde... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *