Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Новости за 04.07.2019

BMG Liwiýanyň migrant saklanýan merkezine edilen hüjümi ýazgarmady

Azathabar.com 

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Liwiýada migrantlaryň deslapky saklanýan merkezine urlan we azyndan 44 adamy öldüren how zarbasyny ýazgarmagyň hötdesinden gelmedi, muňa ABŞ missiýasynyň beýanata gol çekmek üçin Waşingtondan tassyknama alyp bilmändigini aýtmagy sebäp boldy.  3-nji iýulda ýapyk gapylaryň arkasynda bolan iki sagatlyk duşuşykda Britaniýa komandir Halifa Haftaryň güýçlerini günäleýän, ýaraşyga hem-de syýasy gepleşiklere dolanmaga çagyrýan beýanaty gol çekmäge hödürledi. Emma habar agentlikleri... Читать дальше...

Halkara pul gaznasy Pakistana $6 milliard karz bermegi tassyklady 

Azathabar.com 

Premýer-ministr Imran Hanyň ýurduň agsaýan ykdysadyýetini daýandyrmaga kömek soramagy netijesinde, Halkara pul gaznasy (HPG) Pakistana üç ýylda $6 milliard dollar möçberinde karz bermegi tassyklady. HPG geňeşiniň tassyklamagy bilen, gazna 3-nji iýulda derrew bu serişdäniň 1 milliardyny Pakistana berdi. Beýanatda aýdylmagyna görä, bu pul “häkimiýetleriň ykdysady reforma programmasyny goldamak”, “ykdysady gowuşgunsyzlyklary azaltmak we durnukly hem-de deňagramlaşdyrylan ösüş döretmek” maksady bilen berilýär. Читать дальше...

Tbilisidäki protestler iki hepdelik sepgide ýetdi

Azathabar.com 

Demonstrasiýaçylar paýtagt Tbilisiniň merkezinde tapgyr 14-nji gije toplanyp, ýurduň içeri işler ministriniň işden çekilmegini talap etdiler. Protestçiler 3-nji iýul güni giçlik Tbiliside, ýene-de parlament binasynyň daş işiginde toplandylar we rus täsirine garşy başlanan ýygnanyşygyň başynda ulanylýan polisiýa zoňtarlygy sebäpli içeri işler ministri Giorgi Gakharianyň işden çekilmegine çagyrdylar. 20-nji iýunda parlament binasyna girmäge synanan mähelläniň garşysyna sürlen polisiýa rezin oklary we suw toplaryny ulananda... Читать дальше...

Putin ýangyn uran suwasty gäminiň ýadro reaktorynyň bolandygyny aýtdy

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şu hepde adam heläkçiliklerine getiren ýangyn uran suwasty gäminiň atom energiýasynyň bolandygyny aýan etdi we goranmak ministriniň gäminiň reaktorynyň kontrol astyna alnandygyny ynandyrandygyny habar berdi.  Kreml 4-nji iýulda Putiniň bu mesele boýunça goranamk minietri Sergeý Şoýgu bilen Italiýa ugramazyndan öň maslahat edendigini aýtdy. Kreml duşuşygy mahalynda, bu hadysadan üç gün soň, Putin ilkinji gezek gäminiň atom energiýaly bolandygyny aýtdy we Şoýgudan onuň häzirki ýagdaýyny sorady. Читать дальше...

Tramp Tährana "haýbatlar babatynda seresap bolmalydygyny" duýdurýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýran basym uran baýlaşdyrmagyň derejesini rugsat berlen derejesinden ýokarlandyrjakdygyny aýdandan soň, Tährana bu hili haýbatlaryň “özüne zyýan bolup dolanjakdygyny” duýdurdy.  “Eýran, haýbatlar babatynda seresap bol” diýip, ol 3-nji iýulda, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, dünýä döwletleriniň ylalaşygy saklamak baradaky çagyryşlaryna garaman, öz ýurdunyň 7-nji iýuldan soň urany 2015-nji ýyldaky ylalaşykda bellenen 3.67 prosent derejesinden aňryk hem baýlaşdyryp başlajakdygyny aýdandan biraz soňra aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *