Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2020

Новости за 04.02.2020

Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliard dollar çykarylar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi (TSTB) döwletden 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde pul alar. Türkmenistanyň resmi habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna görä, 1 465 747 129,60 (bir milliard dört ýüz altmyş bäş million ýedi ýüz kyrk ýedi müň bir ýüz ýigrimi dokuz bütin ýüzden altmyş amerikan dollary çykarylar.  Ahalyň täze administratiw merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet proýekti üçin tender bäsdeşliginiň geçirilip-geçirilmändigi belli däl. Читать дальше...

Aşgabadyň Teke bazarynda towuk budy arakesme bilen satuwa çykarylýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň dükanlarynda towuk budunyň gytçylygy saklanyp galýar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysy şu günler paýtagtyň Teke bazaryndaky döwlet dükanynda daşary ýurtlarda öndürilen towuk budunyň çäkli möçberde satuwa goýberilýändigini aýdýar.

Rus firmasy Fransiýanyň aşa-sagçy syýasatçysynyň partiýasyna berlen $11 million karzy yzyna almakçy bolýar

Azathabar.com 

Russiýanyň uçarlaryň şaý-esbaplaryny öndürýän näbelli bir kompaniýasy Fransiýanyň aşa-sagçy syýasatçysy Marine Le Peniň syýasy partiýasyny suda berip, ondan 10,8 million dollar möçberindäki pul serişdelerini yzyna almagy maksat edinýär. Bu serişdeler 2014-nji ýylda Fransiýandaky saýlaw kampaniýasyny maliýeleşdirmek üçin karz berlipdi. Munuň bilen bagly ilkinji diňlenişigiň 2-nji iýunda Moskwanyň Artibtraž sudunda geçjekdigi aýdylýar. Le Pen rus prezidenti Wladimir Putine simpatiýa bildirýändigini gizlemedi. Читать дальше...

Erdogan Krymyň Russiýa tarapyndan ‘bikanun’ anneksiýa edilmegini tankytlady

Azathabar.com 

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Kiýewe edýän saparynyň çäginde Ukrainanyň territorial bütewiligine goldawyny bildirdi, şeýle-de Ankaranyň Russýanyň Krymy “bikanun” basyp almagyny ykrar etmeýändigini belledi. Erdogan bu barada 3-nji fewralda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi. Erdogan 2014-nji ýylyň martynda Krymyň anneksiýa edilmeginden soň Ukrainanyň dürli künjeklerine göçmeli bolan “500 töweregi krym tatarlarynyň maşgalalaryny” jaý bilen... Читать дальше...

Hytaý wirus bilen bagly “bärden gaýtmalaryň” bolandygyny boýun aldy

Azathabar.com 

Hytaýyň ýolbaşçylary täze ölüm howply wirusa garşy görülýän çärelerde “bärden gaýtmalaryň we kemçilikleriň” bolandygyny aýtdylar. 3-nji fewraldaky maglumatlara laýyklykda, koronawirus sebäpli ölen adamlaryň sany 425-e ýetipdir. Hytaýyň Milli Saglyk Komissiýasy 4-nji fewralda wirus sebäpli ýene-de 64 adamyň heläk bolandygyny, şeýle-de onuň bilen kesellän täze 3 müň 235 ýagdaýyň üstüniň açylandygyny aýtdy. Bu wirusa umumy hasapda 20 müň 438 adam ýolugdy. Bu aralykda, koronawirus sebäpli Hong Kongda ilkinji adam öldi. Читать дальше...

Pompeo Özbegistanyň adam hukuklary meselesindäki ‘öňegidişliklerini’ taryplady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Birleşen Ştatlar bilen Özbegistanyň arasyndaky “ajaýyp, barha ilerleýän” diýip atlandyran hyzmatdaşlygy dabaralandyrdy. Pompeo Daşkendiň “adam hukuklary meselesindäki öňegidişlikleri üçin öwgä mynasypdygyny” hem belledi. Pompeo bu barada 3-nji fewralda Daşkentde özbek daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi. Saparyň dowamynda Pompeo Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşdy. Pompeo... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *