Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2020

Новости за 21.03.2020

"Söz - ýalaňaç pikre gyrmyzy dondur"

Azathabar.com 

BMG-niň Magaryf, ylym we medeniýet guramasynyň (UNESCO) başlangyçlary esasynda her ýylyň 21-nji martynda bellenýän Bütindünýä Şygryýet güni bu ýyl altynjy güne düşdi.

Hepdäniň jemi #11 (21.03.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Dünýäniň koronowirus aladalary we nädogry, täze dörän ýokanç keselden goranmaga peýdasy degmejek maslahatlary berýän liderler, Türkmenistandaky ýapyklygyň ilatyň saglygyny goramaga ýetirmegi mümkin zyýany, Owganystanyň Marçak obasynda günde-günaşa adam ölümine sebäp bolýan näbelli kesel baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Aşgabatda azyklaryň bahalary rekord derejä ýetdi

Azathabar.com 

Aşgabatda adamlar azyk önümlerini köpçülikleýin ýagdaýda satyn alýarlar. Harytlaryň bahalary gün-saýyn gymmatlap, rekord derejä ýetýär. Mundan bir gün öň, türkmen häkimiýetleri öňünden hiç hili duýduryş bermezden Aşgabat bilen ýurduň beýleki sebitleriniň arasyndaky gatnawlary togtatdylar.

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 11 müň 500-e ýetdi

Azathabar.com 

Dünýäde koronawirus ýokuşmasyndan ýogalanlaryň sany 11 müň 500 adama ýetdi. Ýewropanyň pandemiýanyň merkezine aýlanmagy bilen, dünýäde tassyklanan koronawirus hadysalarynyň sany 275 müň 500 boldy. Jon Hopkins uniwersitetiniň 21-nji martda çap eden hasabatyna görä, Italiýa, bu keselden 4 müň 32 adamyň heläk bolmagy bilen, koronawirusdan iň kän adam ýitiren ýurt boldy. Italiýadan soň Hytaý gelýär, bu ýurtda 3 müň 259 adam öldi. Hytaýyň 21-nji martda maglumat bermegine görä, bu ýurtda tertip üç... Читать дальше...

“Rosneftiň” başlygy saudlar bilen düşünişmezlikleriň ähmiýetini peseldip görkezýär

Azathabar.com 

Russiýanyň iň uly we kuwwatly nebit kompaniýasy, dünýädäki nebit bahalarynyň ýiti peselmegine sebäp bolan, Saud Arabystany bilen arasyndaky düşünişmezlikleriň ähmiýetini peseldip görkezdi. Mundan başga-da, ol şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň slanets önümçiliginiň bes ediljekdigini, netijede ýagdaýlaryň çalt kadalaşjakdygyny hem öňe sürdi. “Rosneftiň” dolandyryjysy Igor Seçin 20-nji martda döwlet telewideniýesine beren interwýusynda dünýädäki nebit bahalaryny durnuklaşdyrmaga gönükdirilen “OPEC+” diýilip... Читать дальше...

ABŞ gipersoniki ýaragy özleşdirmäge golaýlandygyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Goranmak departamenti gipersoniki, ýagny sesiň tizliginden hem çalt hereket edýän ýaragyň  synagynyň üstünlikli geçirilmegi, bu ýaragy özleşdirmek maksatlaryny ýakynladandygyny aýdýar. Pentagonyň maglumatyna görä, üstünde ýarag bolmadyk enjamyň synagy 19-njy martda Gawaýide geçirilipdir. Ol muny 2020-nji ýyllaryň başlarynda ýa-da ortalarynda gipersoniki söweş mümkinçiliklerini özleşdirmek boýunça maksadyna ýetmekdäki möhüm tapgyr diýip häsiýetlendirdi. “Şu gün biz gurluşymyzy tassykladyk. Читать дальше...

Gyrgyz howpsuzlyk güýçleri pandemiýa sebäpli adatdan daşary ýagdaýy girizmegi teklip edýärler

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri premýer-ministr Muhammedkalýi Abylgaziýewe ýüzlenip, koronawirus pandemiýasy sebäpli, 22-nji martdan başlap tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegi maslahat berdiler. Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbokowyň edarasynyň maglumatyna görä, bu baradaky teklip 21-nji martda Bişkekda geçirilen howpsuzlyk geňeşiniň doswamynda orta atylypdyr. Ýurduň günortasyndaky Nookat etrabynda 20-nji martda koronawirusa ýolugan üç ýagdaýyň üsti açylandan soňra, bu sebitde eýýäm adatdan daşary ýagdaý girizilipdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *