Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 28.03.2021

Eýran we Hytaý 25 ýyllyk “strategiki hyzmatdaşlyk paktyny” baglaşdylar

Azathabar.com 

Eýran we Hytaý uzak möhletli ikitaraplaýyn jedelli ylalaşyga gol goýdular. 27-nji martda Tähranda geçirilen dabaraly çärede baglaşylan ylalaşygyň jikme-jikleri aýan edilmeýär. Emma onuň Eýranyň energiýa we infrastruktura pudaklaryna hytaý sermaýasynyň çekilmegini göz öňünde tutýandygy çaklanylýar. Hytaý Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşydyr. Syzyp çykan maglumatlara görä, ylalaşyk iki ýurduň arasyndaky harby we howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagyny hem öz içine alýar. Eýran resmileri ylalaşygy... Читать дальше...

Belarusda 200 töweregi protestçi saklandy

Azathabar.com 

27-nji martda Belarusda polisiýa hökümete garşy täze protestleriň öňüni almak synanyşygynda 200 töweregi adamy saklady we Minskiň köçelerini petikledi. Bu aralykda, belarus oppozisiýasy ençeme aý repressiýalardan soňra, demokratiki hereketi täzeden janlandyrmagy wada berýär. Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Wýasna” merkezi şenbe güni polisiýanyň azyndan 240 adamy, şol sanda žurnalistleri saklandygyny aýdýar. Adamlaryň tas ählisi diýen ýaly paýtagt Minskde saklandy. Protestiň guramaçylary demonstrasiýalary... Читать дальше...

Täjigistanda 12 ýaşly gyza öýlenen 46 ýaşly adam 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Azathabar.com 

Duşenbe şäheriniň Sino etrap kazyýeti 46 ýaşly ýerli ýaşaýjyny 12 ýaşly gyz bilen dini nika baglaşyp, oňa öýlenendigi üçin, üç ýyl azatlykdan mahrum etdi. Täjigistanda gyzlar diňe 18 ýaşyna ýetenlerinde, durmuşa çykyp bilýärler. Etrap kazyýetinden Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýdylyşyna görä, Dawlatmand Kasirow babatda çykarylan karar güýje girizilýär we iş kesilen geljek üç ýylyny umumy düzgünli koloniýada geçirmeli bolar. "Hukuk inisiatiwasy" jemgyýetçilik guramasynyň aklawçysy ýaş gyzyň hukuklaryny gorap çykyş etdi. Читать дальше...

ÝB döwletleri koronawirus çäklendirmelerini güýçlendirýär

Azathabar.com 

Ýewropada COVID-19-a ýolugýanlaryň sanynyň gürelmegi bilen Fransiýa, Belgiýa we Polşa koronawirus çäklendirmelerini güýçlendirdiler. Bu aralykda, Germaniýanyň saglyk ministri ýurduň koronawirus tutaşmasyny kontrol astyna almak üçin, 10-14 gün petiklenmäniň zerurdygyny aýtdy. Fransiýa ýagdaýlaryň “howpludygyny” boýun aldy, şeýle-de eýýäm berk çäklendirmeleriň astyndaky 16 departamentiň üstüne ýene üçüsini goşdy. Aý başlanaly bäri, Fransiýada koronawirusa ýolugýanlaryň gündelik sany tas iki esse ýokarlandy. Читать дальше...

12 döwletiň goranmak ýolbaşçylary Birmada harbylaryň gazaplylygyny ýazgardylar

Azathabar.com 

Dünýäniň onlarça döwletiniň harby komandirleri Birmada harbylaryň hökümet agdarylyşygyna garşy çykýan protestçilere garşy söweş oklaryndan ot açmagyny ýazgardylar. Harby ýolbaşçylaryň bilelikdäki beýanaty 27-nji martda, Birmada hökümet agdarylyşygyna garşy çykýan protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynyň iň ganly gününden, 90 töweregi demonstrantyň öldürilmeginden soň ýaýradyldy. Beýanata ABŞ-nyň, NATO agza döwletleriň ýene-de birnäçesiniň, şeýle-de Ýaponiýanyň, Täze Zelandiýanyň, Günorta Koreýanyň... Читать дальше...

Türkmenistanda Halk Maslahatyna ilkinji “göni däl” saýlawlar geçýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýurduň iki palataly ulgama geçirilmeginden soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçýär. Türkmen häkimiýetleri bu “göni däl” saýlawlaryň “erkin bäsleşik, aç-açanlyk, pikir we söz azatlygy babatda demokratik kadalara eýerip” geçiriljekdigini öňe sürseler-de, günbatar saýlaw synçylary Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsyny erkin we adalatly hasaplamandy. 28-nji martda ýurtda halk maslahatlarynyň ýerli wekilleri öz aralarynda... Читать дальше...

Eýran türkmenleri çagalary zorlamakda aýyplanýan adamyň jezalandyrylmazlygyna garşy protest geçirdi

Azathabar.com 

23-nji martda Demirgazyk Eýranda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Kümmet Howuz şäherinde ýerli ýaşaýjylar 7 we 8 ýaşlaryndaky iki gyz çaga jynsy zorluk etmekde aýyplanýan 55 ýaşly bir adamyň jezalandyrylmaýandygyna gahar-gazap bildirip protest geçirdi. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, 24-nji martda hem dowam eden protestlere müň töweregi adam gatnaşdy. Şäher kazyýet binasynyň öňünde ýygnanyşan demonstrantçylar häkimiýetlerden aýyplanýanyň jezalandyrylmagyny berk talap etdiler. Ýerli... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *