Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 30.05.2021

Türkmenistan Haly baýramyny belleýär. Ussat halyçylara hormatly at dakyldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, ondan gowrak halyça “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakdy. “Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris” diýip, 30-njy maýda gol çekilen kararda aýdylýar. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, Türkmenistanda halyçy gelin-gyzlaryň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär”. Emma metbugatda aýdylýan dabaraly sözlere garamazdan... Читать дальше...

Braziliýalylar prezidentiň görmedik COVID-19 çärelerine nägilelik bildirdi

Azathabar.com 

COVID-19 pandemiýasyna garşy görmedik çäreleri sebäpli, Braziliýanyň prezidenti Jeýr Bolsonaro 29-njy maýda has köp protest bilen ýüzbe-ýüz bolsa, wýetnam häkimiýetleri  hindi we iňlis görnüşleriniň utgaşmasy bolan täze koronawirus görnüşini ýüze çykarandyklaryny aýtdylar. Koronawirus krizisinde meşhurlygy azalan Bolsonaro garşy bildirilýän gahar-gazap çäresine goşulyp, Rio de Žaneýroda gurnalan soňky protestde 10,000 töweregi adam ýöriş etdi. Braziliýanyň iň uly şäheri bolan Sao-Pauloda maska... Читать дальше...

Eýran-Owganystan demirýol gurluşygyny goraýan alty goragçy öldürildi

Azathabar.com 

Gündogar Eýrany Owganystanyň günbatar Hyrat welaýaty bilen baglanyşdyrmak üçin gurulýan demir ýoluň golaýynda ýarylan bomba Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň alty agzasyny öldürdi. Hyrat sebitiniň häkimi Wahid Katali öldürilenleriň demir ýoluň Gorýan etrabyndan geçýän ýerini gorandyklaryny aýtdy. Owganystanyň demirýol gullugy 29-njy maýda Eýran-Owganystan infrastruktura taslamasyna edilen hüjümi tassyklady. Gurlup gutarylsa, 225 kilometre uzaýan serhetýaka ýol Eýranyň Haf şäherini günbatar Owganystanyň Hyrat şäheri bilen baglanyşdyrar. Читать дальше...

Russiýa Lukaşenkanyň hökümetine 500 million dollar karz berer

Azathabar.com 

Belarus hökümdary Aleksandr Lukaşenka Soçi şäherinde, Russiýanyň Gara deňiz şypahanasynda rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynyň ikinji gününi geçirdi. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 29-njy maýda geçirilen gepleşikleri resmi däl diýip häsiýetlendirdi. Mundan öň ol sammitiň diňe bir gün dowam etjekdigini aýdypdy. Şeýle-de Peskow žurnalistlere Russiýanyň Belarusa berilýän 1.5 milliard dollarlyk karzyň ikinji 500 million dollaryny “ýakyn wagtda” ibermäge taýýardygyny aýtdy. ... Читать дальше...

Tihanowskaýa dünýäde Belarus oppozisiýasyna berilýän goldawy öwýär 

Azathabar.com 

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa häkimiýetler geçip barýan ýolagçy uçaryny Minskä gonduryp, bortdaky dissident žurnalisti tussag edeninden soň, dünýäniň dürli künjegindäki adamlar tarapyndan bildirilýän goldawa ýokary baha berdi. Tihanowskaýa 29-njy maýda Wilniýusda žurnalistlere "Litwada we bütin dünýäde görýän goldawym maňa diýseň täsir etdi" diýdi. Tihanowskaýa Belarusyň oppozisiýasy bilen global raýdaşlyk gününiň çäginde birnäçe ýewropa paýtagtynda geçirilýän protestler wagtynda çykyp gürledi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *