Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Новости за 17.09.2021

Türkmenistan köp adamly ýerlere barýan raýatlaryna 'jeza' berýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ilaty koronawirus bilen baglanyşykly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam etdirýär. Mundan başga-da, halk koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmek üçin häkimiýetleriň görlüp-eşidilmedik talaplaryny ýerine ýetirmäge borçly bolýar. Bularyň hemmesi, ýurtda uzaga çeken ykdysady krizisiň çäginde ilatyň gündelik kynçylyklaryny hasam agyrlaşdyrýar.

Aşgabatlylar nobatdaky suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Azathabar.com 

Aşgabat şäheriniň ençeme etrapçasynda ýaşaýyş jaýlaryna berilýän suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly nobatdaky bökdençlik ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň bu barada paýtagtdan maglumat berýän habarçysy 17-nji sentýabrda şäheriň 11-nji etrapçasynda we Parahat hem-de Gaudan etrapçalarynyň aglaba böleginde ilata berilýän içimlik suw üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy. "Parahat-7 etrapçasynda şu gün irdenden bäri suw ýok. Bu etrapçanyň beýleki böleklerinde hem tapgyrlaýyn esasda suw üpjünçiligini kesýärler" diýip... Читать дальше...

Lebapda karantin çäklendirmeleri müňlerçe adamy gazançsyz goýýar, çagaly dilegçiler köpelýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda karantin çäklendirmeleri - ykdysady kynçylyklar sebäpli ýaşaýyş-durmuş şertleri ozal hem ýaramaz bolan - ilatyň gün-güzeranyny has-da kynlaşdyrýar. Türkmenabat şäherinde karantin çäklendirmeleri zerarly müňlerçe adam gazançsyz galýar. Gara bazarda dollaryň bahasy aşaklasa-da, hususyýetçilerde ýokary bahalar saklanýan mahaly, ilata paýlanýan subsidirlenen azyk önümleriniň käbiriniň möçberi azaldyldy. Bu habarlaryň arasynda, şäherde dilegçilik edýän adamlar, hususan-da kiçi çagaly aýallar köpelýär. Читать дальше...

ŞHG liderleri Duşenbede duşuşýar

Azathabar.com 

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň 17-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen sammitinde Owganystandaky ýagdaýlar maslahat edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow sammite myhman hökmünde gatnaşdy

Türkmenistanda bahasy $100 milliondan geçýän täze Döwlet münberi açyldy

Azathabar.com 

Baýramçylyk äheňinde gurnalan, ak reňkli howa şarlary bilen bezelen derwezäniň öňündäki meýdançada tutulan dabara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Sungat ussatlary, ÝOJ-laryň döredijilik toparlary hökümetiň gazanylan üstünlikler diýilýänlerini wasp etdiler. Täze toplumyň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabar, granit we ak mermer bilen örtülen münber üsti gümmezli iki gatly binany, prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar diýip, TDH habar berýär. Читать дальше...

Rus prezidenti, gadagançylyga garamazdan, Pekinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak baradaky çakylygyny kabul etdi diýip, Sports.ru habar berýär. Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň sözlerine görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin telefon söhbetdeşligi wagtynda Putini Oýunlary görmek üçin Pekine gelmäge çagyrdy. Sport arbitraž kazyýeti 2020-nji ýylyň dekabrynda Russiýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda prezidentiň ýakyn iki ýylda Olimpiýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşmagyny gadagan etdi. Читать дальше...

ŞHG liderleri Duşenbede Owganystany maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) ýolbaşçylary Täjigistanyň paýtagtynda duşuşyp, ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan çykmagy we “Talybanyň” häkimiýet başyna gaýdyp gelmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşýarlar. 20 ýyl ozal separatizme, ekstremizme we terrorçylyga garşy göreş üçin döredilen Ýewraziýa howpsuzlyk blogy ozal Hytaý, Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlardan ybaratdy. 2017-nji... Читать дальше...

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý Gyrgyzystana sapar edýär

Azathabar.com 

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýwew, garaşsyz habar guramalarynyň wekilleri, metbugat azatlygynyň wagyzçylary, žurnalizm studentleri, Azatlyk radiosynyň ýerli žurnalistleri bilen duşuşyp, AÝ/AR-nyň žurnalizminiň gyrgyz demokratiýasyny goldamakda oýnaýan möhüm roluny maslahatlaşdy. Flaý öz geçiren duşuşyklarynda gyrgyz hökümetiniň metbugat azatlygyna we bu ýurtdaky žurnalistleriň öz işlerini edip bilmegine berýän goldawyna gadyr goýýandygyny aýdyp... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *