Türkmenistanyň iň iri onlaýn söwda we bildiriş portallarynyň biri bolan Tmcars.Info saýtynyň üç gün çemesi möhlet bilen wagtlaýyn ýapylmagy ulanyjylaryň arasynda aljyraňňylyga sebäp boldy.
3-nji ýanwarda Aşgabadyň aeroportunda Russiýa okamaga barýan ýaşlaryň bir topary uçara goýberilmän, olaryň Türkmenistandan çykmagyna rugsat berilmedi. Bu barada garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.
Lebabyň Türkmenabat şäherinde gaz, elektrik, suw edaralarynyň we arassaçylyk gullugynyň işgärleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, sarp edilen hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri tizden-tiz geçirmegi talap edip başladylar.