
Eýran soňky aýlarda urany baýlaşdyrmagynyň ätiýaçlyk mukdaryny ýarag derejesine çenli ep-esli artdyrdy diýip, habar beriş serişdeleriniň ençemesi Halkara atom energiýasy agentliginiň (HAEA) hasabatyna salgylanýar we munuň Tähranyň ýadro programmasy boýunça Birleşen Ştatlar bilen gazanylyp bilinjek potensial ylalaşyk babatynda şübheleri has-da artdyrjaga meňzeýändigini aýdýar. Ysraýyl muňa çaltlyk bilen reaksiýa bildirip, premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň edarasy BMG-niň ýadro gözegçilik agentliginiň... Читать дальше...
Türkmenistanly Umyda Bekçanowanyň 29-njy maýda Stambulda raýat eşikli näbelli adamlar tarapyndan saklanyp, soňra deportasiýa merkezine ugradylandygyny garaşsyz neşir Türkmen.news aktiwistiň egindeşlerine salgylanyp, 31-nji maýda habar berdi. Tanymal bloger Umida Bekçanowanyň häzir Stambulyň deportasiýa merkezleriniň biri bolan "Çatalca İnceğiz Geri Gönderme Merkezi" atly edarasynda saklanýandygyny onuň egindeşi Azatlyk Radiosyna 2-nji iýunda Türkiýeden habar berdi. "Häzirki pursatda 'Çatalca İnceğiz Geri Gönderme Merkezinde' saklanýar. Читать дальше...
Aşgabatda bahar we tomus aýlarynda howanyň maýlap, daşarda çadyr gurap, toý-märeke edýän raýatlaryň köpelmegi bilen, köçelerde guralýan göçme hajathanalaryň sany hem göz-görtele artdy. Ýerasty lagym turbalarynyň üstündäki çoýun gapaklar açylyp, olaryň ýokarsynda guralýan wagtlaýyn hajathanalar ýaşaýjylarda, şol sanda sürüjilerde nägilelik döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji iýunda paýtagtdan maglumat berdi. “Aşgabadyň ýaşaýyş toplumlarynda hojalyklaryň märeke çagyryp... Читать дальше...
Stambulyň Baş prokuraturasy şäher häkimliginiň 47 resmisiniň tussag edilmegi boýunça görkezme berdi. Olar parahorlykda we gorkuzyp pul almakda güman edilýär. Haberturk telekanalynyň maglumatyna görä, bu çäreler şäheriň häkimi Ekrem Imamoglu boýunça gozgalan korrupsiýa işi bilen baglylykda alnyp barylýar. Maglumatda häzire çenli 31 adamyň tussag edilendigi bellenilýär. Olaryň arasynda Stambulyň Beşiktaş we Büyükçekmeje etraplarynyň ýolbaşçylary hem bar. Derňewçileriň sözlerine görä, Büyükçekmeje etrabynyň... Читать дальше...
Polşada geçirilen prezidentlik saýlawlarynda, oppozisiýadaky sagçy-konserwator “Hukuk we Adalat” partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgär, Karol Nawrotskiý ýeňiş gazandy. Saýlawlaryň 1-nji iýunda geçirilen ikinji tapgyrynda Nawrotskiý sesleriň 50,89%-ni aldy. Bu görkeziji bilen ol bäsdeşi, Warsawanyň häkimi Rafal Tşaskowskiden tas 400 müň ses köp aldy. Bu barada Polşanyň saýlaw komissiýasynyň beren resmi maglumatynda aýdylýar. Karol Nawrotskiý ozal Polşanyň Milli ýatlama institutynyň ýolbaşçysy bolup işledi. Читать дальше...
1-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa iki günlük döwlet sapary başlandy. Berdimuhamedowyň bu saparynyň, iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylda diplomatiki gatnaşyklar ornaşdyraly bäri, Türkmenistanyň döwlet baştutany derejesinde amala aşyrylýan ilkinji saparydygy bellenilýär. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek, şeýle-de türkmen-mongol işewürler forumyny, medeni çäreleri geçirmek planlaşdyrylýar. Bu sapar Mongoliýanyň prezidentiniň çakylygy esasynda... Читать дальше...