Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24 25 26 27 28 29
30

Новости за 18.11.2025

Maglumat elýeterliligini çäklendirýän Türkmenistan 2029-njy ýyla çenli ikinji milli hemrasyny uçurar

Azathabar.com 

Amerikanyň “SpaceX” kompaniýasy 2029-njy ýyla çenli ikinji “TurkmenAlem 52E-2” türkmen milli aragatnaşyk hemrasyny uçurar. Bu barada hökümetçi “TurkmenPortal” neşiri “SSI MonacoSat”-iň prezidenti we baş direktory İlhami Aýgüne salgylanyp, 14-nji noýabrda habar berdi. Neşir Aýgüniň bu barada “Türkmentel – 2025” halkara maslahatynda yglan edendigini belläp, hemranyň eýýäm ilkinji türkmen hemrasyny öndüren fransuz kompaniýasy Thales Alenia Space tarapyndan öndüriljekdigini aýdýar. Türkmenistanyň ilkinji... Читать дальше...

Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlar üçin reseptleri ýazmakdan boýun gaçyrýar

Azathabar.com 

Lebabyň Türkmenabat şäherinde döwlet tarapyndan maýyplara mugt berilmeli zerur derman serişdeleriniň reseptlerini, dermannamalaryny almak mümkinçiligi barha kynlaşýar diýip, mümkinçiligi çäkli lebaplylaryň ençemesi aýdýar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan maýyplar şäheriň saglyk öýlerindäki lukmanlaryň reseptleri ýazmakdan boýun gaçyrmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini belleýärler. “Men gan basyşyny peseldýän, ýürek-damar ulgamynda tromb emele gelmeginiň... Читать дальше...

Paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynda suw ýetmezçilik edýär

Azathabar.com 

Agyz suw ýetmezçiligi paýtagt ýaşaýjylary üçin oňaýsyzlyk döredýän uzakmöhletli problema öwrüldi. Ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiligi şäheriň dürli böleklerinde gezek-gezegine kesilýär. Şu günler Büzmeýiniň, Bagyryň ýaşaýjylary suwsuz kösenýär. "Büzmeýin etrabynyň, Bagyr ýaşaýyň toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryna suw gije-gündiziň dowamynda bir sagat berilýär" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 18-nji noýabrda gürrüň berdi. Suw üpjünçiliginiň şeýle çäklendirilen tertipde berilmegi paýtagtyň golaýyndaky Daş gala daýhan birleşigine hem degişli. Читать дальше...

Täjigistanda türkmenler nar ýetişdirip, güzeran aýlaýar

Azathabar.com 

Täjigistanyň Hattlon welaýatynyň Düsti etrabynda ýaşaýan etniki türkmen daýhanlary üçin şu ýyl naryň hasyly aýratyn bol geldi. Ýerli ýaşaýjylar hasyly gyş aýlarynda satmak üçin, olary ammalarda gaplap goýýarlar.

Hazaryň türkmen kenarynda düwlenleriň ýüzlerçe maslygy tapylýar - çeşmeler

Azathabar.com 

Hazar deňziniň suwy bilen kenarlara getirilip, taşlanan öli düwlenler soňky hepdelerde Tükmenbaşy we Hazar ýaly uly şäherleriň deňiz ýakalarynda we kiçiräk ilatly ýerlerde tapylýar. Bu ýagdaý barada Azatlygyň Balkan welaýatyndaky çeşmeleri habar berýär. Hazar (Çeleken), Türkmenbaşy, Gyzylsuw we beýleki kenarýaka aýlawly ýerlerde, Garabogazda we gazak serhetine ýakyn kenarlarda şu günler ýüzlerçe uly düwleniň we düwlen çagalarynyň jesetleri kenarlara akyp gelýär diýip, ýerli çeşmeler 18-nji noýabrda habar berdi. Читать дальше...

Gyrgyzystanda sud karary bolmazdan emlägi konfiskasiýa etmek teklip edilýär. Aklawçylar hyýanatçylykly peýdalanmak barada duýdurýarlar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanda raýatlaryň emlägini sud hökümi çykarylmazdan konfiskasiýa etmek teklip edilýär. Kanun taslamasynyň inisiatory Baş prokuratura bolup, resminama jemgyýetçilik pikir alyşmasyna hödürlendi. Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy üç kodekse üýtgetmeleri girizmegi teklip edýär: Jenaýat kodeksine, Jenaýat prosessual kodeksine we Raýat kodeksine. Esasy pikir - raýatlaryň emläginiň sud höküminden soň däl-de, ondan öň konfiskasiýa edilmegine rugsat berilmegidir. Kanun taslamasynyň awtorlarynyň pikiriçe... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *