Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2025
1 2 3 4 5
6
7
8 9 10 11 12
13
14
15 16 17 18 19
20
21
22 23 24 25 26 27
28
29 30 31

Новости за 19.12.2025

Stambulda ýüzlerçe türkmenistanly student uniwersitete 'duýdansyz' goýberilmezligine garşy çykdy

Azathabar.com 

18-nji dekabrda Türkiýäniň Stambul şäherindäki Altynbaş (Altinbaş) uniwersitetine baran türkmenistanly studentleriň ýüzlerçesi ýokary okuw jaýyna duýdansyz goýberilmedi. Studentleriň ençemesi uniwersitetiň girelgesindäki wekilleriň özlerine ýokary okuw jaýyndan çykarylandygyny dilden mälim edendigini aýdýar. Bu mesele barada uniwersitetiň administrasiýasy tarapyndan resmi beýanat berilmeýär. Ýüzlerçe studentiň ykbalyna täsir edýän bu ýagdaý barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Stambuldaky konsulhanasy hem dymyşlygyny saklaýar. Читать дальше...

Moskwanyň etegindäki mekdepde öldürilen on ýaşly Kobiljon Täjigistanda jaýlandy

Azathabar.com 

Moskwa oblastyndaky mekdepde edilen hüjüm netijesinde wepat bolan on ýaşly täjik raýaty Kobiljon Aliýew Täjigistanyň Şahrinaw etrabynyň Ajam obasynda jaýlandy diýip, “Azia-Plus” neşiri habar berýär. Onuň jesedi 18-nji dekabr güni irden Moskwadan Duşenbe şäherine getirildi. Neşiriň habaryna görä, merhumy jaýlamaga diňe Şahrinaw etrabyndan däl, eýsem respublikanyň beýleki sebitlerinden hem ýüzlerçe adam gatnaşdy. Olaryň arasynda hukuk goraýjy edaralaryň hem köp işgäri bardy diýip, habarda bellenýär. Читать дальше...

Birleşen Ştatlar “Green Card” lotereýa maksatnamasyny togtadýar

Azathabar.com 

ABŞ “Green Card” lotereýa maksatnamasyny togtadýar diýip, ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk sekretary Kristi Noem X sosial media platformasynda aýtdy. Ol bu kararyň kabul edilmegini Braun uniwersitetinde ýarag ulanyp, adam ölümine sebäp bolan Klaudio Manuel Newes-Walenteniň 2017-nji ýylda green kart almagy bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, ol 2017-nji ýylda "Dürlülik lotereýasy" (DV1) immigrant wiza programmasy arkaly Birleşen Ştatlara gelipdir. "Prezident Trampyň görkezmesi boýunça, bu betbagtçylykly... Читать дальше...

Türkmenistan Awazada golf-klub gurmak mümkinçiliklerini maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrda Aşgabatda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň baş direktory Jon Riz bilen duşuşyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf-klub taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy. Döwlet eýeçiligindäki metbugatda öňki prezidentiň sözlerine salgylanyp aýdylmagyna görä, bu taslama Awazanyň dynç alyş we sport merkezi hökmünde ösüşine täze itergi berer. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde Aşgabatda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *