Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22 23
24
25
26 27 28 29 30 31

Новости за 02.01.2026

Türkmenistanlylar Täze ýylda jaý, gowy aýlyk, hakyky ösüş arzuw edýärler

Azathabar.com 

Azatlygyň habarçylary ýyl aýagynda we başynda birnäçe ýaşaýjy bilen söhbetdeş bolup, olaryň 2026-njy ýylda bolmagyny isleýän zatlary bilen gyzyklandy. Gyzylarbatly 56 ýaşly oba hojalyk hünärmeni, ady redaksiýada saklanýar, döwletiň daýhanlara bolan garaýyşlaryny üýtgetmelidigini aýtdy. “Daýhanlara täze ýyldan ipoteka jaý satyn almak ýa-da jaý gurmak üçin karz almagyny ýola goýmak zerur. Daýhanlar, hamala, üçünji sort adam ýaly, bu pudagyň işgärlerine ne kredit berilýär, ne jaý satyn alar ýaly dahod berilýär. Читать дальше...

Täze ýyl gijesi ilatyň köçede bolmazlygyna, ot ýakmazlygyna gözegçilik edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň täze ýyl baýramçylygyny bellemegi şu gezek hem häkimiýetleriň berk gözegçiliginde geçirildi. Mary welaýatynda täze ýyl agşamy arça agaçlardaky çyralar öçürilip, adamlaryň köçede bolmagyna garşy çäreler geçirildi. Aşgabatda ýaşaýjylaryň öz howlularynda ot ýakmazlygyna gözegçilik edildi. "31-nji dekabr agşamy sagat 19:00-dan soň ähli bezelen arçalaryň çyralaryny öçürip, aýaz baba we gar pamyk eşikli adamlardan hem-de ähli märekeden öýlerine gitmek talap edildi" diýip, çeşmeleriň biri Marydan habar berdi. Читать дальше...

Tramp eýranly protestçileri goldaýandygyny aýtdy, ölenleriň we tussag edilenleriň sany artýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranda howpsuzlyk güýçleriniň görkezýän rehimsiz basyşlaryna tap getirip, ýurduň ykdysady kynçylyklary sebäpli tapgyr bäş gün bäri protest bildirýän eýranlylary goldaýandygyny aýtdy. Halk protestleri wagtynda birnäçe adamyň ölendigi, onlarça adamyň tussag edilendigi habar berilýär. Tährandaky protestler 28-nji dekabrda, eýranyň walýutasynyň ABŞ dollaryna bolan gatnaşygynyň pese gaçmagy we inflýasiýa derejesiniň 52 prosente çenli ýokarlanmagy bilen başlandy. Soňra bu protestler beýleki sebitlere hem ýaýrady. Читать дальше...

Mamdani Nýu-Ýork şäheriniň häkimi wezipesine girişdi, Gurhandan kasam kabul etdi

Azathabar.com 

Nýu-Ýork şäheriniň saýlanan häkimi Zohran Mamdani Täze ýyl gijesinde resmi taýdan kasam kabul edip, işe girişdi. Ýapyk görnüşde geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Täze ýylyň ilkinji minutlarynda Manhettendäki Şäher häkimligi metro stansiýasynda, şäheriň iň gadymy we ulanylmaýan metro beketleriniň birinde geçirildi diýip, “ABC News” habar berdi. Dabara wagtynda Mamdaniniň ýanynda onuň aýaly Rama Duwaji boldy. "Täze ýylyňyz gutly bolsun, nýu-ýorklular — şu ötügiň içindäkiler we onuň ýokarsyndakylar" diýip... Читать дальше...

Şweýsariýada turan ýangyn 40 adamyň ölümine sebäp boldy

Azathabar.com 

Şweýsariýa Alp daglaryndaky Krans-Montana dag lyža kurortynda, “Le Constellation” barynda bolan ýangynyň pidalary üçin bäş günlük matam yglan etdi diýip, Şweýsariýanyň prezidenti we ykdysadyýet ministri Gaý Parmelin aýtdy. 1-nji ýanwara geçilýän gije bolan ýangyn 40-a golaý adamyň ölümine sebäp boldy, 115-den gowrak adam bolsa agyr ýanyk ýaralaryny aldy diýip, “Roýters” habar berdi. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, ýaralananlaryň we ölenleriň anyk sanyny, şeýle-de, olaryň atlaryny kesgitlemek üçin birnäçe gün gerek bolar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *