Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23 24 25 26 27 28

Новости за 17.02.2026

Sumbar derýasynyň boýundaky obalaryň ilaty eklençsiz galýar, göçüp gidýän köpelýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýaşaýjylary eklenç üçin hiç mümkinçiligiň galmandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürleşen ýerli ýaşaýjylar göçüp gitmekden başga çäre görmeýändigini gürrüň berdiler. "Häzir adamlaryň ýaşaýyş şertleri gaty agyrlaşdy. Adamlar eklenç etmegiň, ýaşamagyň kyn bolandygy üçin göçmäne başladylar" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň biri aýtdy. Oba ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, suwsuzlyk we ýer önümçiliginiň örän gowşamagy oba ýaşaýjylaryny eklençden tas doly mahrum etdi. Читать дальше...

Balkanda çagalaryň, esgerleriň arasynda gijilewük ýaýraýar, dermanlar gyt we gymmat

Azathabar.com 

Balkan sebitiniň çagalar baglarynda, mekdep okuwçylarynyň, harby bölümlerdäki esgerleriň arasynda deri keselçiligi, il arasynda “çesotka” diýlip bilinýän gijilewük ýaýraýar diýip, ýerli habarçymyz we çeşmeler habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen lukmanyň tassyklamagyna görä, gijelerine has beterleýän gijilewük, goturlyk ýokanç bolup, öz-özünden aýrylmaýar we hökmany suratda dermatolog lukmanyň gözegçiligi astynda bejergi alynmagyny talap edýär. Çesotkanyň ilat arasynda ýaýramagynyň esasy sebäpleriniň... Читать дальше...

Eýranyň ruhany lideri Hameneýi, Ženewada gepleşikleriň başlan wagty, ABŞ-nyň harby haýbatlaryny ret etdi

Azathabar.com 

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi 17-nji fewralda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Tähranyň ýadro maksatnamasy boýunça Eýran bilen ABŞ-nyň wekilleriniň arasynda göni däl gepleşikleriň başlan wagty, ABŞ-nyň harby çäre görjekdigi baradaky haýbatlaryny möhüm hasaplamaýandygyny aýtdy. Oman tarapyndan araçylyk edilýän bu gepleşikler Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça köp ýyllyk jedelleri çözmegi maksat edinýär. Şol bir wagtda, ABŞ Arap deňzinde goşmaça güýçlerini toplamagyny dowam etdirýär. Читать дальше...

Gurbanguly Bedimuhamedow öňünden yglan edilmedik sapary bilen ABŞ gitdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy we öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ sapar edýär. Resmi habarda bu saparyň ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri diýlip atlandyrylsa-da, onuň maksady we gün tertibi agzalmady. Bu sapar ABŞ-nyň eýran režimine garşy mümkin harby çäreler bilen haýbat atyp, Eýranyň daşynda harby güýjüni artdyrýan pursadyna gabat geldi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ sapara başlandygyny 17-nji fewralda habar berdi. Resmi websaýtda... Читать дальше...

Odesa urlan rus zarbasynda üç adam ýaralandy; Sumy sebitinde bir aýal öldi, alty adam ýaralandy

Azathabar.com 

Rus goşunlary 17-nji fewrala geçilýän gije Odesadaky raýat we energiýa infrastrukturasy desgalaryna zarba urdy diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper habar berdi. Onuň sözlerine görä, dronlaryň biri ýaşaýyş jaýynyň ýokarky gatlaryndaky kwartira gelip urdy. Ammar jaýlaryna we hyzmat ediş stansiýasyna urlan zarba iki awtoulagy weýran etdi. Başga bir dron hususy jaýyň golaýyna gaçdy we onuň fasadyna, penjirelerine zyýan ýetirdi, başga bir dron garaž kooperatiwiniň territoriýasyna gaçyp... Читать дальше...

Okuw synplaryndan TikToka çenli: Hytaýyň “ýumşak güýji” Balkan ýurtlarynda giňelýär

Azathabar.com 

PRISTINA — Hytaýyň uly möçberli maýa goýumlary Ýewropada barha köp gözegçilige alynýarka, Pekin Balkanlarda has sessiz täsir görnüşine ýüz tutýar: stipendiýalar, uniwersitet alyş-çalyş programmalary we Hytaýdaky durmuşlaryny watanyndaky tomaşaçylar bilen paýlaşýan ýaş talyplar. Bu Hytaý tarapyndan maliýeleşdirilýän okuw mümkinçiliklerini öz içine alýar. Olar okuw töleginden azat diplomlary, stipendiýalary we çalt ösýän uniwersitetlere elýeterliligi üpjün edýär. Bu talyplaryň köpüsi öz tejribelerini sosial mediada paýlaşyp... Читать дальше...

Garagalpak aktiwisti Tajimuratowa täze aýyplama bildirilýär

Azathabar.com 

2022-nji ýylda Garagalpagystanda geçirilen protestleriň lideri, 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Dauletmurat Tajimuratowa goşmaça jezalara sezewar bolmak howpy abanýar. Maşgalasynyň we aklawçysynyň aýtmagyna görä, türme işgärleriniň gurnan prowakasiýalaryndan soň bolan waka netijesinde, ol "edaranyň iş düzgünini bozmakda" aýyplanýar. Renat Tajimuratow Nawoidäki türmä gidip, erbet habar bilen gaýdyp geldi. Ol geçen hepde doganyny görmäge bardy, ýöne türmä goýberilmedi. Dogany bilen duşuşmagyň ýerine, ol sülçi bilen gürleşdi. Читать дальше...

Uly Berdimuhamedow Birleşen Ştatlara sapar edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmen metbugaty bu habary 16-njy fewralda berdi, ýöne saparyň näçe günlükdigini we beýleki jikme-jikliklerini anyklaşdyrmady. Habarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijelidigi, bu saparyň dürli ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da öňe ilerletmek üçin möhüm boljakdygy bellenýär. Türkmenistan ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny we... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *