Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

ABŞ, Orsýet, Hytaý we Pakistan “Talybany” owgan hökümeti bilen göni gepleşiklere çagyrýar

0
Birleşen Ştatlar, Orsýet, Hytaý we Pakistan “Talybany” derhal ýaraşyga we owgan hökümeti bilen göni gepleşiklere başlamaga razy bolmaga çagyrdy.


Bu dört ýurt 11-12-nji iýulda Pekinde, ABŞ-nyň we halkara tagallalarynyň Owganystanda tas 18 ýyl bäri dowam edýän urşy soňlamak üçin tagallarynyň çäginde gepleşik geçirdi.


ABŞ-nyň döwlet departamenti tarapyndan 12-nji iýulda çap edilen beýanatda dört ýurduň “taraplaryň ählisini, owganara gepleşikleri bilen başlanjak ählumumy we hemişelik ýaraşyga, zorlugy azaltjak çäreleri görmäge çagyrandyklary” bellenýär. 


Şeýle-de bu ýurtlar “Talybany”, “mümkin boldugyça çalt parahatçylyk çarçuwasyny döretmek üçin”, prezident Aşraf Ganiniň hökümeti, beýleki owganlar bilen göni gepleşiklere girmäge çagyrdylar.


Bu beýanat “Talyban” we owgan delegasiýasy, şol sanda hökümet resmileri 9-njy iýulda Katardaky gepleşiklerde geljekdäki syýasy ylalaşyk üçin ýol kartasyny düzmek barada ylalaşanlaryndan soň edildi. 


ABŞ-nyň Owganysatan üçin parahatçylyk ilçisi Zalmaý Halylzad Katarda “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşikleriniň sekiz tapgyryny geçirdi we 9-njy iýuldaky gepleşikleriň şu wagta çenli “iň netijeli gepleşik” bolandygyny aýtdy.


Şu aralykda Nangarhar welaýatynda bir oglan toýda özüni partladyp, azyndan 9 adamy, şol sanda hökümetçi milisiýanyň komandirini, onuň iki ogluny öldürdi. 

 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *