Ermenistanda Koçariýana höküm çykaran sudýa galplykda aýyplanýar
Ermenistanda maý aýynda tussag edilen ozalky prezident Robert Koçariýany girewine pul goýmak esasynda azatlyga goýbermek baradaky hökümi çykaryn sudýa başga bir iş boýunça galplykda aýyplanýar diýip, Ýörite Derňew Gullugy Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
Geçen dynç günleriniň dowamynda, Ermenistanyň Ýokary Adalat Geňeşi sudýa Dawit Grigoriýanyň derňelmegine ytgyýar berdi, şeýle-de ony, derňew dowam edýänçä, kazylyk ygtyýarlyklaryndan mahrum etdi.
18-nji maýda Grigoriýan Koçariýany suduň karary çykýança azatlyga goýbermek barada dawaly netijäni kabul edipdi.
Ol soňy bilen ozalky prezidente döwlet agdarylyşygy boýunça bildirilýän aýyplamalary sorag astyna alyp, işi Konstitusion suduna ýollapdy.
Prokurorlar suduň çykaran iki kararyna hem şikaýat etdiler.
Ermenistanyň Şikaýat Sudy ozalky çykarylan kararlary ýatyrdy. Munuň yzy bilen, Koçariýan gaýtadan tussag edildi.
Mundan öň, Grigoriýan özüniň ozalky çykaran hökümleri sebäpli kanun goraýjy edaralarynyň ondan ar alýan bolmaklarynyň mümkindigi baradaky şübhelerini orta atdy.