Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2020

Türkmenistan Owganystana 3 ýyllap ynsanperwerlik kömegini berer

0
Türkmenistanyň prezidenti 2020-2022-nji ýyllarda Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamany tassyklady.


Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli karara 20-nji fewralda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol goýdy.


TDH-nyň maglumatyna görä, üç ýyllyk maksatnamanyň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurluşygy, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň ugradylmagy, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmegi amala aşyrylar.


Agyr ykdysady krizisi we maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän Türkmenistan Owganystana kömek bermek  baradaky maksatnamanyň çäginde harçlajak maliýe serişdeleri barada maglumat bermedi.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *