Gazagystan eýranly, azerbaýjanlary ýolagçylary getirýän gämiler üçin drňiz portlaryny ýapdy
Wirus krizisi Hytaýda haýallasa-da, ol Ýakyn Gündogaryň günbatar sebitlerine, Ýewropa we Birleşen Ştatlara tarap süýşmegini güýçlendirýär. Günorta Koreýada, Eýranda, Italiýada we Ýaponiýada täze koronowirusyň düzümleri ýüze çykdy.
Eýran 3-nji martda bu wirusyň jemi 2,336 adam ýokuşandygyny, 77 adamyň bolsa bu keselden ölendigini tassyklady.
Eýran parlamentiniň 23 agzasyna, ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň başlygyna wirus ýokuşandygy habar berildi.
Gazagystan, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, Hazar deňzindäki Aktau we Kuryk portlaryny Eýrandan we Azerbaýjandan ýolagçy getirýän gämiler üçin ýapdy diýip, Merkezi Aziýa ýurdunyň hökümeti 4-nji martda aýtdy.
Italiýada bu wirusdan ölenleriň sany 79 adama ýetdi, bu koronowirusdan dekabrdan bäri Hytaýdan daşarda ölenleriň iň uly görkezijisi bolup durýar.
Günorta Koreýada wirus ýokuşanlaryň sany, 4-nji martdaky maglumata görä,5,328 adam boldy.
Ukraina we Morokka 3-nji martda özlerinde bu kesel bilen kesellän ilkinji adamlar barada habar berdiler.
Täjigistan 4-nji martda raýatlaryny juma namazlary üçin metjitlere toplanmakdan gaça durmaga çagyrdy.
Dünýä boýunça bu wirus bilen 92 müňden gowrak adam keselledi, ondan3100-den gowrak adam öldi.